4:21

Rimlilere hat hakynda 1 bölüm

MP3

Salam ezizler. Mukaddes Sözüň danalygy diyip atlandyrylan programamyza höş geldiniz.Bugunden başlap siz bilen Mukaddes Kitapdan möhüm orün eýelan resullerden Pawlusyň Rimlilere ýollan haty hakda söhbetleşýas.Resullerden Pawlusyň Rimlilere ýazan haty –günä batan insaniýete bolan Hudaýyň täsiri hakydaky kitapdyr.Ol,günakär ýürege şypa berýan Rebbimiz Isa Mesihyň Hoşhabaryny ýaýratýar.Hudaýyň beýik gutkarmak maksatynyň ýekeje ýoly,bu hezrat Isanyň ölümi we direlişidir.Barymyz edil şol adamlaryň,ýagny günakär tebigata eýe insanlar hataryna girýas.Çunki,barymyz güna edip,Hudaýyň merhemetinden mahrum bolandyrys.

Rimlilere ýazylan haty öwrenýan ekenik,Hudaý biziň ýüreklerimizde nämeler bolýanyny we başymyzdan nämeleri geçirýanymyzy bilişi hakdaky habardir.Şonuň uçin hiç kim Hudaýyň önünde özünuň päkdigi bilen magtanmasyn.Pawlusyň habarynda hemme günä eden diyip ýazylan.” «Dogry adam ýok, ýok ýeke biri-de;Düşünýän asla ýok,Hudaýy agtarýan-da ýok.Olaryň hemmesi ýoldan çykdy,ählisi deň derejede dereksiz boldy.

Ýagşylyk edýän ýok,ýok ýeke biri-de. Olaryň bogazy açyk gabyrdyr,olar aldaýandyrlar,

agyzlarynda ýylan zäheri bardyr. Agyzlary gargyşdan, ajy sözden doludyr. Aýaklary gan dökmäge howlugýandyr.Ýollarynda harabalyk, jepalar bardyr.Parahatlyk ýoly nedir, olar bilmeýär. Olar Hudaýdan asla gorkmaýar».

Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir. Şeýlelikde, Musanyň Kanunynyň parzlaryny berjaý etmek arkaly Hudaýyň huzurynda hiç kim aklanyp bilmez. Tersine, bu Kanun arkaly adam özüniň günälidigine göz ýetirýär.(Rimlilere 3).

Resul,şol aýatlarda dogry adam ýok diyip aýdýar.Adam dünýa günakär tebigaty bilen gelýan eken.Şol günä biziň sünklerimizde,ganymyzda ekeni we näçe çalyşmaýlyň öz sogab işlerimiz Hudaýyň halas etmegine ýetişip bilmesligimizi bildirýar.Ýaşy ullakan bolsun,täze dogulan çaga bolsun,eradaly erkek bolsun,barysy günakär tebigada eýedir.Hiç birimiz näçe hereket etmaýliň,näçe alada etmaýliň Hudaýyň emrlerine daýanyp ýaşap bilmesligimiz hakyndadir.Biz başynan gçnakärdiris,çunki biz,günakär Adam Atanyň neslinen ýaýran insanlardiris.Biz diňe Hudaýyň merhemeti arkaly halas bolmagymyz mumkin.Diňe şol hakykaty düşunip etenimizden soň,aklanmagymyz mumkin.Aklanmak diyeni,bu päkligi almak diyenidir.Edil Hudaýyň söýgisi arkaly halas bolmak diýenidir. Günakärdigimize ykrar bolondan soň hakykyý haýatymyz başlanýar.Öz guýjimize ynanyp päklige ýetişip bolmaýar,çunki bu zat elimizden gelmeýar.Bu diňe Hudaýyň elinden gelýar.Öz dogrylygymyza ynanyp,jennete ýol almagy arzuw etmesek hem bolýar.Çunki diňe günakärdigimize we guýçsizligimize Hudaýyň onünde ykrar bolonymyzdan soň biz halas bolmagymyz mumkin.Sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top