3:42

Pursatyň gadryny biliň

MP3

Salam ezizler.Ybadat mowzugyna bagyşlanan programamyza hoş geldiniz. Şeýle hem siz söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň. Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi. Araňyzda azgynlyk, haramlyk, açgözlük edýän bolmasyn. Beýle zatlar Hudaýyň halkyna gelişmeýär. Şeýle hem araňyzda biedeplik, ýaňralyk, biderek degişme-de bolmasyn. Bular size ýaraşmaýar. Muňa derek Hudaýa şükür ediň. Şuny bilip goýuň: hiç bir azgynyň, murdaryň ýa-da açgözüň Mesihiň we Hudaýyň Şalygynda mirasy ýokdur. Çünki şeýle adamlar butparazlar bilen des-deňdir Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn. Şu zatlar sebäpli Hudaýyň gazaby Özüne boýun egmeýänleriň üstünden inýändir. Şonuň üçin olar ýalylar bilen gatnaşmaň. Ýadyňyzdamy, birwagtlar siz garaňkylykdyňyz, ýöne indi Reb arkaly nursuňyz. Şonuň üçin nuruň çagalary bolup ýaşaň. Dogrudanam, ähli ýagşylyk, dogrulyk we hakykat nuruň miwesidir. Rebbi hoşnut etjek zady bilmäge çalşyň. Garaňkylygyň ýaman işlerine gatyşmaň, tersine, olary paş ediň. Olaryň edýän gizlin işleri hakda hatda söz açmak-da aýypdyr. Emma nur parlanda, ähli zat paş edilip, aýdyň görner. Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär: «Oýan, eý, uka giden!

Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar». Şeýlelikde, nähili ýaşaýandygyňyza üns beriň. Nadanlar ýaly däl-de, danalar ýaly ýaşaň. Her bir pursatdan degerli netije çykaryň, sebäbi bu ýaramaz döwürdir. Şonuň üçin-de samsyk bolman, gaýtam, Rebbiň yradasynyň nämedigine düşüniň. Şerapdan serhoş bolmaň, bu sizi wejeralyga elter. Tersine, Mukaddes Ruhdan dolup-daşyň. Bilelikde mezmurlar, öwgüli we ruhy aýdymlar aýdyň; Rebbe tüýs ýürekden sazlar çalyp, nagmalar aýdyň. Ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan Ata Hudaýa hemişe şükür ediň.(Efeslilere 5).Ezizler Rebbimiz öz resuli arkaly ine şu ajaýyp aýatlary bize etiren.

Olary okýan ekenik,Sözüň nahilli ajaýyp we dana ekenine ykrar bolýas.Geliň biz hem,ellerimizi doga açyp,Rebbimiz haýatymyzy özretmagini soraýas. Rebbim,Perwerdigarim,bize ahli nur bolup ýaşamagy öwret.Ahrym edil Seniň nuryň her hilli ýagşylyk,adalatlyk we hakykatdan ybaratdir.Nuryňy seçip ýamanlyklarymyzy we zalymlyklarymyzy özüň aýan et.Nadanlar ýaly dälde,tersine dana kişiler ýaly gun geçirmagi bize öwret.Gudratyň bilen bizi Mukaddes Ruhyňa dolup daşyr.Bir birimizi goldap ybadatda togtamaýlyň.Seniň mukaddes adyň sonky demimizeçenli mukaddes bolsun.Omin!

Ezizler egerde sizde ybadat mätäçligi bolsa bize habar ýollaň.Biz siz uçin ybadat edýas.Adlarynyz efire koýberilmeýar.Rebbimiziň merhemeti barynyza ýar bolsun.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top