Salam gadrdan dinleji. Bu gun söhbetimiz dowamynda resullerden Pawlusyň sabr-
takaty bilen nämelere etişenini hakynda söhbetleşýas. Pawlus
bilimli,abraýly filiştilerden biridi.Ol hem başka filiştiýler ýaly Isa
Mesihiň şagirdlerini yok etmägä bil baglapty. Yone Hudaýň onuň uçin maksaty
başkaça bolup çikdy.Onuň özi Masihyň şagirdine öwrildi.Şondan soň ol Hudaý
bilen gatnaşykda boldy.Heç hilli kynçylyklar, azaplar ony bu gatnaşykda
sowatyb bilmedi.Geliň onuň haýatynda bolan wakalara birme-bir tohtab
geçýas. Isa Mesihä iman getiren ilki günlerden kä bir masihileriň
şübhelerine sabr etmägä dogry gelýar.Son bolsa Damaskdaky ýahydiýlaryň
ynanmaslyklaryna sabr etdi.
Şol wagtda aklsyzlyk edip ýahydilara Isa Mesihyň hakyký halaskardygyny
düşuntirmägä hereket etmedi.Bunuň peýdasy yokdy.Damaskly ýahydilar ony
öldürmek uçin üýşüriptiler.Şonuň uçin sabr edip başka ýere gitmaga karar
etdi. Ol köp erkerde bolup günäkerleri Hudaý bilen ýaraşdyrmagy dowam
etdi.Baran erlerinde kiçik jemagatlar peýda boldy.Ol hiç haçan olory oz
halyna taşlab goýmady. Daşdan bolsa hem olara hat arkaly yol gorkezib
durdy. Kä wagtlar jemagatyň özünde bolup oloryň nämäkulçilyk hereketlerine
sabyr edip dogry düşüntirmäge hereket etdi.Ol Korinfdaky jemagata şeýle
diyip ýazypty:”Siz imandaky doganyňyz bilen dawalaşýanyňzda näme uçin onuň
meselesine kazietde imansyzlaryň öňünde garaýarsyňyz?”(1Kor 6:1)
Ol doganlar bilen gatnaşykda hem sabrly we mähirli boldy. Doganlaryň hali
köp zady bilmekleri başlaryndan geçirmaklary gerekdigini bilýardy. Şoniň
uçin hem elinden gelinçe sabr bilen olora Hudaý yolundan yoramany
öwretýady. Ol sabr edip hemmä hemma zat bolmagyny öwrendi.Onuň özi bu
hakda şeýle diýar:” Men azat bolsam-da her kesi gazanjak bolup hemmeleriň
guly boldum. Yahudylary gazanjak bolup olar uçin yahudy boldum.Men Mukaddes
Kanunyň guly bolmasam-da Mukaddes Kanuna görä ýaşaýnlary gazanjak bolüp
Mukaddes Kanunyň guly boldum.Men Hudaýyň Kanynyňy bilmeýänleri gazanjak
bolup,ony bilmediksirän boldum.Hakykatda welin Hudaýyň Kanunyna görä
ýaşap,Mesihiň buýruklaryna tabundyryň.Ejizleri gazanjak bolup ejize
öwrüldim.Garaz käbirleri halas etjek bolup men hemmelere her zat boldum.”(1
Kor 9:19-22)
Pawlus Hudaýyň hoşhabaryny başkalara etirani uçin ynsanlary dogry yola
başlamaga çalyşany uçin bir näçe gezek zindana taşlandy. Emma şol erde hem
ýüreginde hätirjemlik bardy.Çunki edýan işi dogry ekenini Hudaýyň yolundan
barýanyny bilýady. Şonuň uçin hem ol kynçylyklara hem kowgunlara hem
zindanda ýatanda hem sabr etdi. Hudaý bu guluny taşlab goýmaslygyna
ýnanýady. Şeýle boldy hem. Bir näçe gezek Hudaý ony zindandan täsin
ýagdaýda azat etdi. Kä wagt adyý kanyný gorinan yol bilen azat etdi.Emma
hemişe Pawlusa kömek etdi.Pawlus şol sabr-takaty we ynamy bilen näme
etişdi? Ajap hätirjämliga,her hilli ýagdaýdada hem ýaşab gitmäk
tejribesine, berk ýnama we Mukaddes Ruhyň sylaglaryna eye boldy.Iň möhümy
Asman Patşalygy sylagyna mynasyp boldy.