Oýiňizde asudalyk bolsun,eziz dinleýjiler. Ýene siz bilen radio tolkunlary
arkaly düşuşup duranymyzdan oran şat. Bugun siz bilen Hudaýyň Merhemeti
hakyna söhbetleşýas. Eger biz Mukaddes Kitapa seretsek Täze Äht kitapynda
59 gezek merhemet sözi gaýtalanýar. Hudaý Özüniň halkyny şeýle bir söýar
we olary dinuwsyz merhemtlemagi isleýar.
Elbettde kimnendir gymmat zady mugt almagymyz uçin şol kişiniň belli bir
talaplaryna mynasyp ynsan bolmagymyz gerek.Hudaý hem tä şonuň ýaly.
Ol biziň her birimizi aýratyn merhemetlemekçi.Biz nagip Hudaýyň
merhemetine laýyk boldyk?Pikrimçe biz Mesihyý doganlar eger Hudaýya gulak
assak,Ol görkezen dogry ýoldan ýöresek elbettde Ol bizi ýenede köprak
merhemetlemaga çulum.Çunki merhemetniň hemmesi Hudaýyň elinde,Hudaý bolsa
ony islänine berýar.Bize bu hakda Özünuň Sözi arkaly gepleýar.Meselen
Rimlilere hatynyň 9:18 aýatynda şeýle ýazylan:” Şeýlelikde, Hudaý islänine
rehim-şepagat edýär, isläniniň ýüregini gataldýar.”
Pikr edişimçe Hudaýy bireýäm ynsanlara Özünuň merhemetini beran,ine şol
merhemeti almak bolsa ynsanlaryň özüne bagly.Eger Oňa gulak asymagy
islemeýan we Hudaýyň görkezen ýolunda ýöremagi islemeýan kişi bolsa Hudaý
öz Sözünde aýdyşy ýaly onuň ýüregini gataldýar, goý şol kişi hem Hudaýyň
merhemetini ajaýyp ekenini datyp gorsun.Eziz doganlarym belki siz özünuzyň
haýtynyzy,maşgalanyzy kimlerdir birleri bilen denleştirip öýlýandyrsynyz
näme uçin Hudaý meni merhemetlemeýar diyip.Ýok aslynda onuň ýaly däl.Ol
halaýar ,diňe Ondan şol zady soramak gerek.
Yone haýatynyzdaky hemme zat Hudaýyň merhemeti.Çagalaryňyz hem,maşgalanyz
hem,öý-jaýňyz sizde näme bar bolsa bu elbetde Hudaý tarapdan size berilen
merhemet.Hudaý diňe ynsanlary däl,belki butin halkyny merhemetlemagi
isleýar.Geliň Ysraýyl halkyny bir ýatlap goraýliň.Hudaýy olaryň
nalanlaryny eşidip olara merhemet etdi we gullykdan olary azat etdi.Bundan
başga olar çölde bolan wagty hem şol halkny merhemetlemagi dowam
ettirdi.Olara islän zadyny,göşt diýanyzmy,çörekmi,suwmy hemmasini taýyn
etdi.Diňe Hudaýyň ýekkeje islegi ine şol halk Oňa gulak assa bolonydy,yone
bu halk Hudaýya gulak asmady,Hudaý bolsa olary wagtlaýnçe taşlap goýdy.
Kopçilik dostlarymyz merhemeti baýlyk bilen baglaýarlar.Yone bundan hem
beýikrak bolan merhemet bar.Bu bolsa Hudaýyň bize beren ebediý
haýatydyr.Pikirimçe ine şol ebediýy haýat Hudaýy tarapyndan ynsanlara
berilen iň möhüm merhemetdir.Şol merhemeti başgalar hem almagy uçin geliň
billelikde hereket edeýliň.Şonuň bilen bugungi mowzugymyzy şol ýerde ,
tamamlaýas we Hudaýyň merhemeti sizlere we turkmen halkyna hemişe ýagylyp
dursyn diyip Ýaradywjymyzdan sorap galýas. Höş eziz diňleýjiler.