3:53

Maşgala we iş uçin ybadat!

MP3

Eziz doganlar her birimiz imana gelenimizden soň maşgalamyz uçin jogapkardiris.Maşgalamyzdakylar arasyndan Hudaý bizi saýlaptyrmy,diymek biz arkaly Ol butin maşgalamyzy,garyndaş doganlarymyzy halas etmekçi.Bizi şol işe mynasyp görüptir.Şonuň uçin her gunki mätäjlikleriňiz arasynda maşgalanyz agzalary uçin ybadaty hem goşup goýuň.Ybadatyň guýjine ynanyň.Hudaý siziň ybadatynyzy hiç haçan ünssiz galdyrmaýar.Siz ybadatlaryňyza ünssiz bolmagynyz mumkin,ýone Ol ünssiz bolmaýar.Maşgala agzalarynyzyň her biri Hudaýyň kömegine we gutarmasyna mätäj.Olaryň harakteri we edýan işlerine seretman Hudaý olary halas edişine ynanyň.Çunki Hudaý Resuler Kitapynda :” «Rebbimiz Isa iman et, özüň-de, tutuş öý-içeriň hem halas bolar» diýip ýazylan. Mukaddes Kitap bolsa hiç haçan aldamaýar.Şeýle ekeni ybadat etmagi başladyk.

“Hudaýym,ýeri-gögi ýaradan Rebbim.Men maşgalam arasynan saýlayň uçin senen minnetdaryn.Meni merhemetiňe laýyk tapanyň we mähr söýgiň uçin oran şat.Meniň haýatymda aýratyn maksatyň bardygyny bilýän.Sen meniň maşgalamdakylara höşhabar aýtmak borçyny berensin.Men bu börjy ýagşy berjaý etmegim uçin maňa ýardamyň gerek.Hemişe maşgalam we ýakynlarym onünde seniň nuryň bolup ýöremegim uçin meni Mukaddes Ruhyň bilen özgertir.Atam,enem we aga-inilerim,uýalarymyň ýüreklerini aç.Mukaddes Ruhyň bilen olaryň ýüreginde işle.Men Saňa ynanýan.Ýene ärim we çagalarym uçin hem ybadat edýan.Ärimiň Saňa bolan imanyny güçlendir.Oňa taýynlan hyzmatyňy berjaý etmage howes döret. Çagalarym hem ömri dowamynda Saňa ynanýan we haýatyny Saňa tapşyran perzentler bolsun.Olara başgalar bilen ýagşy aragatnaşykda bolmagy,asudalyk ötürtýan bolmaklaryny we şaýatlyk etmagi öwret.Mulaýymlyk we kiçigöwünligi olaryň boýnuna dür ýaly takyp goý.Rebbim Isa ady bilen soraýan.Omin.”

“Hudaýym men seniň perzendiň.Haýatda ýaşaýyşdan maksat Seniň eradaňy berjaý etmakde hyzmat etmek we Seni razy etmek gerekdigini hem bilýan.Ýone haýatda gün geçirmek uçin we maşgalamy üýpjin etmegim uçin zähmet etmagim gerek.Elbettde biziň ryzkymyzy berýan Sen.Ýone işlaman ýaltaçylyk edýanler hem saňa makul gelmeýar.Şonuň uçin maşgalamy üýpçin etmegim uçun,çagalarymyň ýagşy tälim almagy uçin gerekli bolan pul serişdelerini tapyp bilmegim uçin maňa gerekli işi ber.Men Seniň islegiň bilen iş tapmagy halaýan.Şeýle iş ber şol iş arkaly hem çagalarymy bakyp bileýin hem olaryň tälim almaklaryna ýygnamagyň hem älajy bolsun. Hudaýym men işim uçin ýagşy töleg alaýyn.Meniň pullarymy Özüň doladyr.Rebbim Isa ady bilen soraýan.Omin”.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top