4:07

Isa hakynda Hudaý beren şaýtlyk!

MP3

Salam eziz radio diňleýji dostlar.Programamyza höş geldiňiz.Dostlar bugun hem hemişeki ýaly Mukaddes Kitapdan aýatlary okap ellerimizi açyp Hudaýyma ybadat edýas.Ezizler bugun men resullerden biri Ýohanna ýzan höşhabardan bir bölegi size aýdyp berýan.Hezraty Isa şeýle diydi:” Men Öz-Özümden hiç zat edip bilmeýärin; Atamdan näme eşitsem, şonuň ýaly höküm çykarýaryn. Meniň kazylygym hakdyr, sebäbi Men Öz islegim boýunça höküm çykarmaýaryn, Meni Ibereniň yradasyny berjaý edýärin. Eger Men Özüm hakda şaýatlyk etsem, onda bu şaýatlygym hakyky bolmaz. Men hakda şaýatlyk edýän başga Biri bar. Onuň Özüm hakdaky şaýatlygynyň dogrudygyny Men bilýärin.

Siz Ýahýanyň ýanyna adamlar ýolladyňyz, ol hem hakykata şaýatlyk etdi. Men ynsan şaýatlygyna mätäç bolmasam-da, muny siziň halas bolmagyňyz üçin aýdýaryn. Ýahýa nur saçýan yşyk ýalydy. Siz az salym hem bolsa, onuň yşygyna guwanmak islediňiz. Emma Meniň Ýahýanyňkydan has beýik şaýatlygym bar, sebäbi berjaý etmegim üçin Atanyň Özüme tabşyran işleri, ýagny şu edýän işlerim Meni Atanyň iberendigine şaýatlyk edýär. Meni iberen Atanyň Özi hem Men hakda şaýatlyk etdi. Ýöne siz Onuň ne sesini eşitdiňiz, ne-de ýüzüni gördüňiz. Kalbyňyzda Onuň sözleri ýok, sebäbi siz Onuň Iberenine iman etmeýärsiňiz. Siz baky ýaşaýyş Mukaddes Ýazgylardadyr öýdüp, olary yhlas bilen öwrenýärsiňiz.

Olar bolsa Men hakda şaýatlyk edýärler. Emma siz ýaşaýşa eýe bolar ýaly, Maňa gelmek islemeýärsiňiz. Men ynsanlardan öwgi agtarmaýaryn. Emma Men sizi tanaýaryn, siziň kalbyňyzda Hudaýyň söýgüsi ýok. Men Atamyň adyndan geldim, siz bolsa Meni kabul etmeýärsiňiz. Ýöne başga biri öz adyndan geläýse, siz ony kabul edersiňiz. Siz biri-biriňizden öwgüler kabul edýärsiňiz, emma ýeke-täk Hudaýyň öwgüsini gazanmaga çalyşmaýarsyňyz. Onsoň nädip sizde iman bolsun? Atanyň öňünde Men sizi aýyplaryn öýtmäň. Sizi öz umyt baglaýan Musaňyz aýyplaýandyr. Siz Musa ynansadyňyz, onda Maňa-da ynanardyňyz, sebäbi ol Men hakda ýazdy. Onuň ýazanlaryna ynanmaýan bolsaňyz, onda Meniň aýdýanlaryma nähili ynanjaksyňyz?»

Howwa hezraty Isa adamyň ýüzune däl tersine ýüregine seredýar.Dostlar,geliň asmandaky eziz Atajanymyza ybadat edaýliň.Eziz Atajanym,biz hem Seni söýmagi isleýas.,biz hem Sen bilen bille haýat geçirmagi isleýas.Eziz Atajan,bize hezraty Isa Mesihy bereniň uçin sag bol.Hudaýym.Seniň hakykyý söýgiň arkaly biz halas bolduk.Hudaýym,eden gurbanlygyň Saňa änçeme gymmata düşenini düşündik.Hudaýym şeýle eken biz şona degişli haýat geçirmagi isleýas.Rebbimiz Isanyň çekan azapyna we dökän ganyna degýan haýat geçirmagi isleýas.Hudaýym bizi hem öwret,bizi hem söýmage öwret.Seniň adyň hemişe şohratlansyn,Atajan.Omin

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top