Salam ezizler.Mukaddes Kitap danalygy diyip atlandyrylan programmamyza höş geldiniz.
Tawratda ançeme nesihatlar we kanunlar berilen.Hudaý şol wagtda Öz halkynyň tabun bolmagy uçin bu kanunlary beripti.Bugünki günde biz uçun bu kanunlaryň nahilli ähmiýeti bar?Hudaý bizden bu kanunlara tabun bolmagymyzy talap edýarmy? Timoteusa ýollanan (2Tim 3:16-17) Mukaddes Aýatlaryň biz uçin peýdaly ekeni hakda aýdylan.Geliň,şu aýatlary okäp göreýliň.Bu aýatlar Köne Äht hakda.Şu wagtda Täze Äht aýatlary entek kitap şekline girizilmandi.Ýada Zebur 118:97-102 aýatlaryny okaýliň:”
Seniň kanunyňy juda söýýärin!Ol uzakly gün meniň oýlanmalarym.Seniň tabşyrygyň meni duşmandan paýhasly edýär,çünki ol elmydama meniň aňymda.Ähli halypalarymdan paýhasly boldum,çünki Seniň düzgünleriň — oýlanmalarym.Ýaşululardan-da köp aňlaýandyryn,çünki buýruklaryňy berjaý edýärin.Seniň sözüňi saklamak üçin,ähli ýaman ýoldan men gaça durdum.Seniň hökümleriňden ýüz öwürmedim,çünki maňa Sen tälim berdiň.”
Hudaý bu kanunlary näme uçin beren? Name diyip oýlaýanyz?Birinjiden bu kanunlar bize Hudaýyň nahilli Hudaý ekenini düşundirýar. Hudaý bizden Özi islemeýan zady talap etmeýar!Nädogry diyip bilen zadyny bize öwretmeýar.Hudaýyň adalatly ekenini biz Onuň kanunlaryna seredip öwrenýas.Ikkinjiden bu kanunlar insanlaryň nahilli ýaşaýş gerekdigini bize düşündirýar.Nahilli ýaşaýyş gerek diyip sorasanyz her hil adamlar her hil jogap berýar.Ýone standarty biz elbettde Hudaýdan izlemegimiz gerek.Her güni her hil zatlary nahilli etmek dogrusynda biz her hil kararlar kabul etmeklerimiz gerek.Hudaýyň Kanuny name etmek ýada etmezlik hakda bize häky nahäkdan aýyryp berýar.”Menimçe şeýle etmegim gerek”diyanyzmy ýada “Hudaý şeýle diyen”diýanyzmy? Günä sebabli kopçilik adamlar tabun bolmagy islemeýärler.Tabun bolmakdan ýigrenýär.Hiç kim olaryň pşiginede pişt diymesligi gerek.Insan hiç kime,hatta Hudaýa hem tabun bolmagy islemeýar.Insan öz pikri bilen ýaşamagy isleýar!Ýone beýle aragatnaşyk bilen insan diňe öz-özüne çukur gazýar.Çunki biz diňe çörek bilen däl,belki :”Rebbiň agzyndan çykan her bir söz bilen diridiris.” Diýmek biz diňe Ynjyl aýatlaryny däl,belki butin Mukaddes Kitap aýatlaryna üns bermegimiz gerek.Ýakupyň hatynda ýazylany ýaly:” Kimde-kim kanunyň hemme parzlaryny berjaý edip-de, diňe bir zatda günä etse, tutuş kanuny bozan hasaplanýandyr. “(2:10).Halas bolmak uçin kanuny berjaý etmek gerek diyip öýlasak nadogry bolýar.Biz hiç haçan kanuny ýokary derejede berjaý etmeýas.Biz breýýäm iň möhüm kanunlary bözandiris.Kanuny hiç kim doly berjaý edip bilmeýar we şu sebäbden hiç kim kanuny berjaý etmek arkaly aklanyp bilmeýar.Kanun arkaly hiç kim bagyşlanyp bilmeýar.Asmandäky Atamyz bizi soýani uçin bize bagyşlanmak ýoluny beren.Bizi söýani uçin! Päk ýaşaýş uçin kanun bize guýç kuwwat berip bilmeýar.Dogry haýat geçirmek uçin biz Mukaddes Ruha mätäçdiris.Kanun bize ýüreklerimiz teşneligini kanagatlandyrýan haýat edip bilmeýar. Bize haýaty hezraty Isa berýar!Kanun hakda nädogry netije çykarmaň!Mukaddes Kitap hakykatlaryny ýüreginiz sahypalaryna ýazyp goýmagynyzy Hudaýdan sorap galýan. Höş sag aman boluň.Rebbimiz merhemeti barynyza ýar bolsun.