5:52

Hudaýyň beýikligi

MP3

Salam. Biz her gezek kimindir haýatynda Hudaýyň işlani hakynda söhbetleşýan
ekenik anykragy olaryň şaýatlygyny siz bilen paýlaşýar ekenik Hudaý nahilli
gudratly we beýikdigini görýas. Ýine Hudaýyň çendan hem çäksiz beýikligini
gören insanlar bar.Olor Hudaýyň beýikligini gözleri bilen görenler.Bulardan
bir näçesi sanap geçsek bolýar.Olardan :ilk insan Adam Ata ondan soň
Hanuh,Musa we Isa Mesihyň şagirdi Ýohanna.Biz haýatymyz dowamynda Hudaý
bilen aragatnaşyk arkaly Onuň nahilli beýik ekenini görýas we duýas.Ýone
ýokaryda atlary aýdylan kişiler Hudaýyň beýikligini öz gözleri bilen
görenler.Şonuň ýaly insanlardan ýene biri Ezekiýel paýgemberdir.Ol Hudaýy
we Ony beýikleýan janzady öz gözi bilen görüp,aýagynda dik durup bilman.Bu
hakda Ezekiýel kipaynda şeýle ýazylan:” Kebar kanalynyň ýakasynda sürgün
edilenleriň arasyndakam, gökler açyldy we men Hudaýdan gelen görnüşleri
gördüm. Bu sürgünde bolýan wagtymyzyň otuzynjy ýylynyň dördünji aýynyň
bäşine boldy. Bu Ýoýakyn patyşanyň sürgün edilmeginiň bäşinji ýylydy.
Dördünji aýyň bäşine 3babyllylaryň ýurdundaky Kebar kanalynyň ýakasynda
Buzynyň ogly Ezekiýel ruhana Rebbiň sözi aýan boldy. Ol ýerde Rebbiň eli
onuň üstündedi.Men demirgazykdan tupanly şemalyň gelýänini gördüm. Şöhleli,
üznüksiz ot saçýan äpet bulut gelýärdi, oduň ortasynda ýakuda meňzeş bir
zat ýalpyldaýardy. Buludyň ortasynda keşpleri ynsana meňzeş dört sany
jandaryň duranyny gördüm. Olar ýöränlerinde, ganatlaryndan çykýan sesi
eşitdim: joşup akýan suwlaryň şaggyldysy, Gudratygüýçliniň sesi we uly
goşunyň gürpüldisi ýalydy. Olar duranlarynda, ganatlaryny aşak
goýberýärdiler. Ganatlaryny aşak goýberenlerinde, kelleleriniň üstündäki
gümmezden bir ses gelýärdi. Gümmeziň depesinde ýakut görnüşli tagtyň keşbi
bardy; tagtyň keşbiniň üstünde ynsan görnüşinde bir keşp bardy. Men keşbiň
bilinden ýokardaky görnüşini gördüm, ol içi tutuşlaýyn ot görnüşli
ýaldyraýan ýakut kimindi, keşbiň bilinden aşakdaky görnüşini-de gördüm, ol
ot deýin parlap, töwerek-daşa şöhle saçyp durdy. Daş-töwerekdäki şöhläniň
görnüşi ýagyşly gün bulutda peýda bolan älemgoşar kimindi. Bu Rebbiň
şöhratynyň görnüşiniň keşbidi.
Men muny gören badyma ýüzin ýykyldym we kimdir biriniň gepleýän sesini
eşitdimGepleýän ses maňa: «Eý, ynsan ogly, aýak üstüne gal, seniň bilen
gepleşjek» diýdi. Ol geplände, Ruh içime girip, meni aýak üstüne galdyrdy.
Men Onuň özüme ýüzlenip gepleýänini eşitdim. Ol maňa şeýle diýdi: «Eý,
ynsan ogly, Men seni garşyma baş göteren pitneçi millet bolan ysraýyl
halkynyň arasyna iberýärin. Şu güne çenli olar we olaryň ata-babalary Maňa
garşy bolup geldiler. Bu halk dikdüşdi we tekepbirdir. Men seni olaryň
ýanyna iberýärin. Sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diý. Bu pitneçi
halk seni islese diňlesin, islemese diňlemesin, ýöne olar öz aralarynda bir
pygamberiň bardygyny bilsinler. Eý, ynsan ogly, sen olardan we olaryň
sözlerinden gorkma. Daşyňy çalydyr tikenekler gurşasa-da, içýanlar arasynda
ýaşasaň-da gorkma. Olaryň sözlerinden gorkma, ýüzlerinden heder etme, olar
pitneçi halkdyr. Olar seni isle diňlesinler, isle diňlemesinler, olara
sözlerimi aýt, çünki olar pitneçi halkdyr. Ýöne sen, eý, ynsan ogly, özüňe
aýdýanlarymy diňle. Bu pitneçi halk ýaly dikdüşdi bolma, agzyňy aç-da, saňa
berjek zadymy iý». Onsoň men özüme tarap uzalýan bir el gördüm; ol elde bir
düýrlenen kagyz bardy. Ony meniň öňümde açyp goýdy, onuň iki tarapy hem
ýazylgydy, onda agylar, iňňildiler we nalyş sözleri ýazylgydy. Ol maňa:
«Eý, ynsan ogly! Özüňe berleni iý, şu kagyzy iýeniňden soň bolsa git-de,
ysraýyl halky bilen gepleş» diýdi. Onsoň men agzymy açdym we Ol bu kagyzy
maňa iýmäge berdi. Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Garnyňy doýur, bu kagyzdan
içiňi doldur; muny saňa berýärin» diýdi. Onsoň men ony iýdim, ol agzymda
bal ýaly süýjüdi. Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Bar, git-de,
ysraýyl halkyna Meniň sözlerimi aýt” (Ezeyikil1,2)

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top