4:18

Hudaýy sizi eşitýar

MP3

“Men gaty ses bilen Rebbe perýat edýärin,gaty ses bilen Rebbe men
ýalbararyn. Onuň önüne arz-halyny dökýarin, Onuň öňünde gaýgylarymy beýan
edýärin.”Zebur 141:1-2
Öňki wagtlar Hudaý bilen nahilli gepleşmegi bilmýadym.Gije hiç kime
bildirmesden asmana seredip ýyldyzlara we aýa derdlerimi aýdyp,isleglerimi
berjaý etmeklerini ýalbarýadym.Asmanda kimdir isleklerimi eşidýanyny
bilýadym.Şonda Hudaýya nahilli dileg etmegi bilmýadym,indi bilýan.Siz hem
bilýaňyz.Siz häzir Hudaýy bilen gepleşmegiňiz mumkin.Oňa ýüregiňiziň
düýbine gizlaň syrlaryňyzy,islegleriňizi aýtmagyňyz mumkin.Ol sizi eşitýar.

Asmana göterilen sesiňiz Hudaýy uçin hümmetli. Ynsanlar arasynda
ýüreginizdäkilari aýdanynyzda kimdir sizi diňlemesden öz gyzykyşlary
hakynda gepleb gidişi we siziň gepleriňizi çynlakaý kabul etmeslikleri
mumkin,yone Hudaýy her bir gepiňizi ähmiýetli kabul edýar.Siz Onuň
hüzurine geleniňizde sizi ýaradan Taňry siz tarapa öwürilýar.Sesiňizi
eşitmek uçin size ýüz burýar.Gorkmaň,Hudaýyň hüzurinde size mähirlik
görkezilýar. Bir söz aýdyp bilmän sakynsaňyz hem,nahilli ybadat etseňiz
hem Hudaý size üns berýar we bundan razy bolar. Ol gynana ýüregiňizden
atylyp çykýan nalalaryňyzy diňlaýar, hasratly gözýaşlar bilen eden
ýalňyşyklaryňyzdan gynanyp toba edeniňizi hem eşidýar.

Ol garranlar öýindäki gamly nalasyny hem, tussagdaky jenaýatçyňyň
tobasyny hem,arakhöryň şepagat dilek edip ýalbaryşyňy hem diňlaýar. Dürmüşa
çykan aýalyň derdlerini,äri bilen aragatnaşyklaryndaky
kynçylyklaryny,çagalaryna terbiýe bermakdaki ýalbarýşlaryňy diňlaýar.
Öýlenen äriň maşgalasy abadançylygy uçin eden ybadatlaryny hem,aýaly ýa-da
çagalaryna eden gazaply hereketlerinden ökünçlerini hem eşidýar. Dürmüşa
çykmadyklaryň özüne mynasyp söýgili bermek uçin eden ybadatlaryny,
başarnykly adamyň dogry we adalatly karar kabul etmegi uçin danalyk
soraşyňy hem eşidýar.Hudaý göňşyňyz ýa-da taňyşyňyz ýaly ýonekeý siziň
göwnünize degmeslik uçin ýasama üns bilen däl,mähir we aladalyk bilen anyk
we üns bilen eşidýar.

Derd çekýanlaryň derdleri nahilli azarlydygyny düýar. Hassalaryň saglygy
uçin alada edýar. Bir imanlydan eşşidiptim. Ol agyr hassa
boluptyr,agryklaryndan azap çekýan wagtynda ýary gije Isa Mesih
palatasynda peýda bolup başyna elini goýanyny aýdypty. Şondan soň agryklary
togtab tiz wagt içinde hassahanadan çykyp giden eken. Şoniň uçin hem Hudaý
hassalaryň hem,ýüreginde derd çekýanlaryň hem derdlerine gulak salýanyna
ynanýas.Käwagt düşmanymyz şeýtan: «Hudaý seni eşitmaýar. Sen bagyşlap bolmas
güna edensiň”, diyip aldaýar. Onuň aldamaklaryna ynanyp galmaň. Ýaradyýjymyz
her birimizi tüýs ýürekden eden ybadatlarymyzy eşidýar. Ol hemişe sizi
eşitmaga taýyn.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top