3:45

Hudaý ybadatlara jogap berýar

MP3

«Rebbiň başarmajak zady barmy?” (Gelip çykyş 18:14).

Butin ýer-gögi ýaradan,mukaddes we gudratly Hudaý napäk,günakär bir
ynsanyň – dileglerine gulak asýar. Hudaý ozaldan bardy. Ol ynsaňy özi bilen
aragatnaşyk etmek uçin ýaratdy.Ynsan oňa garşy güna edip, Onuň maksatlaryny
bozup Oňy gaýga salan bolsada Hudaý entegem ynsanny söýar. Ol bizi geň
galdyrmakdan ýadamaýar. Her gezek Hudaýyň danalygy we gudraty bilen
ýaradylan zatlary görenimizde Onuň beýle beýik we gudratly ekeninden geň
galýas.Onuň danalygyna öwgiler aýdýas. Ol ýaradan zatlary görup,beýle zat
ýaratmaga ne bir ýnsan we ne bir başga ýaradylan zat çulum däl diyip geň
galýars.

Ýaradyjymyz biziň ybadatlarymyza gulak asýar.Diňe gulak salman olara jogap
hem berýar.Her gezek her bir ymanly Hudaý onuň ybadatlaryna nahilli ussalyk
we danalyk bilen jogap bereninden geň galýar.Ybrahym wakasy ýadyňyzdamy?
Nadip garry kempir bolup galan Sara perzent gormagi mumkindi? Ynsanyý
mumkinçiliklerimizden gelip çykyp ýüz payz beýle bolmagy mumkin däl,diyip
aýdýas.Çunki aýal organizmi garrap galanson perzent görmek hasiyetini
ýtirýar.Ýone Hudaýyň gudraty we merhemeti bilen Sara göwreli boldy.Dawud
eden günasi uçin dogulan perzentini aman saklamagyny sorap Hudaýa
ýalbardy.Hudaý nahilli jogap berdi?Hudaý adalatly Hudaý,Ol Öz aýdanynda
durýar.

Dawudyň perzenti öldi,yone Hudaý Dawud bilen Botşewa başga bir perzent
berdi.Hudaý her gezek durli jogap berýar.Onuň imanlylara beren jogapy bir-
birine menzemeýar. Onuň eradasyna görä bir name dileg etsek Ol berjaý
edýar.Biz uçin soraýan zadymyzy wagty sagaty gelmande sabr-tukat bilen
garaşyp soramagy dowam etmegimize dogry gelýar.Käbir soran zatlarymyza
umuman etişmeýas,çunki biz soran zat Hudaý uçin makul bolmaslygy
mumkin.Haýatda hemişe hem hemme dileklerimiz isleglerimiz amala
aşmaýar.Yone Hudaý elbettde her bir ybadatymyza jogap berişini bilýas.Hoş
bundan näme öwrensek bolýar?Ymanyňyzy peseltmeň.

Siz barýan ýol agyr we çylşyrymly bolýarmy, tapdan düşmeň.Töweregiňiz
garanky ýaly we nire gidip barýanynyzy bilmaýan ýaly duýlýamy,tapdan düşmeň
şähtynyz düşmesin.Hudaý hiç haçan uhlap galmaýar.Ol sizden nazaryňy
sowmaýar. Meseleleriňiz we kynçylyklaryňyz kop bolsa hem umytyňyzy we
ynançyňyzy ýitirmeň nireden bilýanyz belki Hudaý häzir şol meseleleriňizi
çözgüdini tapýandyr. Ýa-da bolmasa mätäjliginizi üpjün etmegi başlandyr. Her
hilli ýagdaýda hem imanyňyzy iýtirmeň. Çunki diňe iman bilen öz ýbadatyňyza
jogap alýaňyz. Näme Hudaý özüne ýalbaryp dileg edýanlary taşlap goýsa?
Nämeni sorasaňyz almagyňyza şübhe etmän soraň, möhümy siz soraýan zatlar
Onuň eradasyna göra bolsun.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top