Salam ezizler.Programamyza hoş geldiniz.Adamlar gyzyk,kimdir höwes edip,kimdir bolsa bahyllyk edip ýaşap geçýar.Elbettde,kopçilik höwes edip ýaşaýyş gerek diyar.Bu çyndan hem ýagşy duýgu bilen ýaşaýyş diymekdir.Ýone,bu mowzugy dowam ettirmekden oň,size Mukaddes Kitapdaky bir aýaty okap berjek bolýan.” Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir. Söýgi bahyllyk edýän däldir, özüni beýgeldýän däldir. Söýgi gopbamsyramaýar, biabraýlyk etmeýär. Söýgi öz bähbidini aramaýar, gaharlanmaýar, öýke-kine saklamaýar. Söýgi ýamanlyga şatlanmaýar, ol hakykata şatlanýandyr. Söýgi hemme zady bagyşlaýandyr, elmydama ynanýandyr. Söýgi hiç haçan umytdan düşýän däldir, hemme zada çydaýandyr. “(1Kor 13)
Egerde biriniň ýagşy zadyny görüp galsak,oňa höwes etmek gerekmi?Siz näme diyip oýlaýanyz?Höwes edmek,biriniň zadyna eýe bolmak islegini dogurmaýamy?Menimçe şeýle hem bolýar.Adam ilki bar özüne çyndan hem möhüm we gerek bolan zada çalyşmagy ýagşydir.Bundan başga,baryna Hudaýa şükür edip ýaşamaga näme ýetsin diýanyz.Çyndan hem,biriniň zadyna höwes etmagiň ýerine siz hem haýatynyzda möhüm we ýokary maksatlary goýup,olara ýetişmek ýolunda yhlas etseniz onuň peýdasy koprakdir.Höwes etseniz hem,höwes bilen çäklänip galmaslyk gerek.Çunki höwes geçip gidýandir,ol hem duýgy ýaly geçip gitmek adatyna eýedir.
Bu hakda ýagşylap pikrlemek peýdalidir.Näme uçin kimdir maşyn,öý ýada başga zatlara eýe.Olara nazar taşlasak,kopçilik özüni kemsidýar-meniň elimden hiç zat gelmeýar we şonuň uçin butin ömrüm höwesde ýada bahyllykda geçýar diýar.Ýone hakykatdan hem elinizden hiç zat gelmeýarmy?Eger şonuň ýaly pikr bilen ýaşaýan bolsanyz diymek siz bu haýatda hiç zada ýetişip bilmeýanyz.Beýle pikrlemek,tä Şeýtanyň aldawlaryna ynanyp ýaşamak bilen deňdir.Çunki,Hudaý sizi ajaýyp edip ýaradan.Sizi ol saýlap alan,sizi çäksiz söýan we hiç haçan taşlap gitmeslige wada beren.Şeýle eken,siz özünizde we öz ukuplarynyzda hiç haçan şübhelenmesliginiz gerek.Aslynda,siz çäksiz ukuplara eýe insansynyz.Başgalar ýaly,siz hem ajaýyp päsgeşlere eýesiniz.Sizdaki gorky elbettde her hil şübheleri dogurýar.Ýada bolmasa bir iş bilen meşgul bolmagy isleýanyz,ýone buny hiç haçan edip gormaniniz uçin şübhä we howsala duşýanyz.Hiç haçan kop pul işlamagi maksat etmaň.Ondan görä,özüniz söýan işde işlämagi ýada arzuw eden hunärde işlaň we şu iş durinde iň çeper ussat ýada hünärmend bolmaga hereket etmaginiz ýagşyrak.Şonda pullar özi onünize gelýar.Bir gun suratçy Pikassonyň onüne bir aýal geliptir.Ol onan bir bölek kagyza bir surat çyzyp bermagini haýşt ediptir.Pikasso onuň haýştyny çetde galdyrman,ak kagyzy alyp,galam bilen öttüz sekund içinde şonuň ýaly ajaýyp suraty çekip beriptir.Haýçran galan aýal,ondan “Jenab Pikasso,siz öttüz sekund içinde şeýle ajaýyp we gymmat surady çekdiniz,geň galarly!diyiptir.Buny nahilli edýanyz diyip soraptir.Pikasso oňa:”Öttuz sekundda surat çekmagi öttüz ýyl öwrendim”diyiptir.Siz hem eziz dostum,öwrenmakde togtamaslygynyzy,bir işde günden güne ýagşyrak bolmagynyz uçin asla togtamaslygynyzy soran bolardym.Ahrym siz ajaýyp ýagdaýda,aşaýyp ukup we pesgeşler bilen ýaradylandirsynyz.Siziň hem elinizden kop zatlar gelýar/Höş sag aman boluň dostum.