5:35

Höküm etmek

MP3

Salam gadrly doganlar.Biz özümize menzemeýan adamlary höküm etmane meýildiris. Olor biz ýaly hereket etmeýarmy,höküm edýas,biz ýaly ýaşamaýarmy,geýinmeýarmy,hemmesi uçin höküm edýas.Eger olar biz ýaly bolmasa näme boluptir?Birinçiden,Hudaý bizi her hil edip ýaradan.Başgalar bize menzemeýany uçin höküm etmage hakymyz ýok.Biz addyý adamlardiris,höküm etmage hakly däldiris.Höküm edip başlanymyzda özümizi Hudaýyň ornuna goýan ýaly bolýas.Kimdir birini ýagşyrak bilmekçi bolsak,ilki,”Niredensiz?”,diyip soraýas. Käwagt bu soraga doly jogap alsak,käwagt bolsa iň gysga jogaby alýas.Emma Kanunlar kitapynyň 11 bapyndaky Yiftah bu soraga umuman jogap bermagi islaman bolardy.Kanunlar kitapynyň 11 bapynda bu adam hakda şeýle ýazylan:” Gilgatda Ýeftah diýen bir edermen urşujy bardy. Ýeftahyň ejesi lolydy; kakasynyň ady Gilgatdy.

Gilgadyň öz nikaly aýalyndan birnäçe ogly bardy. Olar ulalyp, ýigit çykanlarynda, olar Ýeftaha: «Sen başga aýaldan bolan ogulsyň, şoňa görä sen biziň atamyzyň öýünden hiç zat miras almarsyň» diýip, ony kowdular. Ýeftah öz doganlaryndan gaçyp, Top diýlen ýerde ornaşdy we daşyna üýşen bozgaklara baş bolup ugrady.”Onuň öweý aga-inileri Ýeftahyň kimden dogulanyny ýatlatyp,mirasdan we palançynyň ogly diýilmekden mahrum edýarler. Hudaý onuň çagyrmalaryna gulak salan we iman bilen berenleri işletýar.Siz oýlap gorenmisiniz?Hudaý sizi nahilli işletmagi mumkin?Emma Ýeftaha gaýtsak,ol dogma ýolbaşçydy.Ol kinelidi.Şonuň uçin töweregine ýaramas bözuk adamlary ýygnap talaňçylyk edip başlady.Emma,” Birnäçe wagtdan soň ammonlar ysraýyllaryň üstüne çozdular.

Şonda Gilgadyň ýaşululary Ýeftahy alyp gaýtmak üçin Top ülkesine gitdiler. Olar Ýeftaha: «Sen gel-de, bize serkerde bol, ammonlar bilen urşaly» diýdiler. Emma Ýeftah olara: «Meni ýigrenip, atamyň öýünden kowanlar siz dälmi, eýsem? Bu günki gün başyňyza iş düşende, men size gerek boldummy?» diýdi. Şonda Gilgadyň ýaşululary Ýeftaha: «Şeýle bolan bolsa-da, biz indi saňa tarap öwrüldik. Ýör, bile ammonlaryň garşysyna söweşeli! Sen biziň üstümizden, tutuş Gilgat halkyna baştutanlyk et!» diýdiler. Gilgat ýaşululary Ýeftaha: «Bize Reb şaýat bolsun, biz seniň sözüňden çykmarys» diýdiler. Şeýlelikde, Ýeftah Gilgat ýaşululary bilen gitdi.”Mukaddes Kitapda:” Ýeftaha Rebbiň Ruhy inipdi. Ol iman bilen Ysraýyl halkyny uly ýeniş gazandyrdy.Ewreýleriň iman gahrymanlary hakda ýazylan bapynda Ýeftahyň hem ady ýazylan.”Ýene kimi mysal edeýin?”! Gidun, Barak,Şimun,Ýeftah,Dawud,Şamuil we başga paýgemberler hakda hekaýa etmage wagtymyz ýeterli däl.”

Hudaý koplanç başgalar tarapyndan ýaratylmaýan adamlar arkaly işlanini gorenmisiniz?Oňa biziň nireden,nahilli nesilden gelip çykanymyzyn ýada näme işler edenimiziň ähmiýeti ýok.Hudaýi biziň Onuň çakylygyna we söýgisine iman bilen jogap gaýtarmagymyz gyzyklandyrýar. Ýagşysy Hudaýyň insanlar ýaly pikrlemeýar.Ol biziň fizikiy guýçimize dal,içimize seredýar.Ol bizi öz maşgalasyna kabul edeni uçin Oňa kop- kop minnetdarlyk bildermegimiz gerek.Matta 19 bap 30 aýatda şeýle ýazylan:” Emma ilkinjileriň köpüsi soňkular, soňkularyň köpüsi hem ilkinjiler bolar» .Hudaý Ýeftahy dolandyrdy,ol bolsa Hudaýyň ýolbaşçylygyna eýerdi.Insany daşky tarapyna seredip höküm etmäň,muny Hudaýa goýuň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top