4:28

Hasratdaki ybadat

MP3

Salam ezizler.Ybadat mowzugyna bagyşlanan programamyza höş geldiniz.Isa sadyk resulleri bilen ybadat etmagi gutardy.Indi olar Hudaýa öwgi senalaryny aýdanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.”(Mark 14:26) Olar gündogar tarapa, Isa tiz-tiz baryp durýan Getsemani diýen bir ýere geldiler.Olar zeýtun agaçlary kop bolan ajaýyp ýerlere gelende Isa sekkiz resullerini galdyryp,ýene ýoluny dowam etirdi.Ähtymal olar bagyň girwerilýan ýerinde togtandyrlar,çunki Isa şägirtlerine: «Men Hudaýa dileg edip gelýänçäm, siz şu ýerde oturyň» diýdi. Isa Petrusy, Ýakuby we Ýohannany ýanyna aldy. Isa ajy hasrat çekip, gaýgylanmaga başlady. Olara: «Meniň janym öler ýaly tukat. Siz bu ýerde galyň we oýa boluň» diýdi. Isa biraz öňe ýöränden soň, ýere ýüzin düşüp, şu aýylganç pursadyň mümkin bolsa, Özünden sowa geçmegini dileg etdi. Ol: « Eý, Atam, Sen hemme zady başarýarsyň. Bu hasrat käsesini Menden sowa geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn» diýdi. Isa gaýdyp gelende, şägirtleri uklap ýatan ekenler. Isa Petrusa: «Uklap ýatyrsyňmy? Bir sagat-da oýa bolup bilmediňmi? Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi. (Matta 14:36-38).

Olardan aňry gidip,Isa ýere ýüzin duşup ybadat edip başlaýar.Şu gaty kyn ýagdaýda ol Hudaýdan näme sorady? “Atam, Sen hemme zady başarýarsyň. Bu hasrat käsesini Menden sowa geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn» diýip ybadat etdi Isa.(Mark 14:35-36). Gyzyk,ol nämeni nazarda tutýady?Ol Halasgär bolmakdan boýun gaçyrýamy? Asla! Isa asmanda bolanynda,rimliler adamlary öldirende olar gaty guýçli azap çekenlerini gören.Indi ol insan hasiýetinde gorky we agry näme ekenini düşünýar hem onunde garaşýan wakalar hakda oýlaýar.Iň möhümy,ol ýigrenji jenaýatçy hasiýetinde ölmegi barada hem oran gaty eziýet çekan.Bu bolsa Atasynyň adyna dag düşürmagi mumkin.Bir näçe sagatdan soň ol Hudaýa dil ýetiran kişi ýaly direge çüýlendi.

Isa uzak ybadat edip bolanson,üç resulleriň onüne gaýtanynda,olar uhlap ýatanyny gördi.Soň Petrusa :”Bir sagat-da oýa bolup bilmediňmi? Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň diydi. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diyip göşup goýdy.Soňra Isa ikkinji gezek gidýar we “Hudaýdan” bu Käse” ondan sowup geçirlimagini soraýar.Soň Isa gaýtyp geleninde bolsa uç resul synaga düşmeslik uçin ybadat etmagiň ornüna uňlap ýatanlaryny görýar.Isa olara ýüzlenende,olar”näme diyip jogap bermagi bilmeýarlar”.Soň Isa uçinji gezek gidip,ybadat etmek uçin dyz egýar.Ol jenaýatçy ýaly ölüp Atasynyň adyna dag düşürýanyndan howsala düşen.Hudaý Oglunuň ýalbarmalaryny diňlap,ony berkleşdirmek uçin perişdesini ibarýar.Hatta şonda hem Isa Atasyna ýüzlenmekden togtaman, jan çekijilik bilen ybadat etmakde dowam edýar”.Howwa duýgyly berklendirmek oran guýçli!Ahrym Isanyň boýnuna uly jogapkärçilik ýüklenen!Hem özünuň,hem imansyz adamlaryň ebediý haýaty hakda gep gidýar.Ezizler egerde siziň ybadat mätäçliginiz bolsa bize habar ýollaň.Biz siz uçin ybadat edýas.Adlarynyz efire iberilmeýar.Rebbimiziň merhemeti barynyza ýar bolsun.Sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top