MP3

“Şu wakalardan soň Ksers patyşa agak tiresinden bolan Hammedatnyň ogly
Hamanyň wezipesini beýgeldip,ony öz ýanyndaky emeldarlaryň ählisinden
ýokarda goýdy.”(Ester 3:1)
Salam .Mukaddes Kitabda ýazylan şahslar hakyndaky gepleşigimizi
başlaýas.Bu gunki söhbetimiz Hudaýyň halkyna ýamanlyk etmekçi bolan pars
asylzadalaryndan biri Haman hakynda bolýar. Haman nahillidir bir işleri
bilen patyşanyň nazaryna düşen we köşkde başga emeldarlardan ýokary ada
eýe bolan şahs bolan.Ol patyşanyň maslahatçysy bolan bolmagy hem
mumkin.Çunki Mukaddes Kitabda ol barada gep gidende hemişe pätyşanyň
ýanynda suratlandyrýar.Näme bolonda hem bu adamy dunýä we özüne bolan
pikirleri nädogry bolan.Hamana meňseş adamlary häzir hem aramyzda uçratmak
mumkin.

Haman ýokary ada eýe şahs bolonson, patyşa köşk işçilerine Hamanny öz
tagtyrowanyna ötürtup şaher aýlamagy we hemme oňa tagzym etmegini
buýrýar. Bu Haman uçin öran abraýly ýagdaýdy. Hemme oňa tagzym etmegini
görmek pätyşanyň nazarynda abraýly kişi bolmak ony gopbamsyratyp
iberdi.Emma diňe Mordahaý adly ýahydiý ona tagzym etmekden boýun gaçyrdy.
Bu Hamanňy ynjytdy. Ondan öç almakny niýet edip goýdy. Şöhrat,patyşanyň
unsi ony çendenäşa ulumsylyk edip iberdi. Şonuň uçin hem patyşa adyndan
ýahydiýlarny memleketden gyryp ibermagi buýrdy. Ol patyşany şeýle hileli
ýalanlar bilen aldany netijesinde patyşa Haman edýan işleri dogry diyip
bilip ,patyşalyk möhürini oňa ynanyp tapşyrdy.Haman bolsa patyşanyň
adyndan butin memlekete patyşa Kseroks eli astynda bolan ýerler hakimlerine
ýahydiýlary gyryp iberrmek hakynda hat ýollady.

Şol bilen bille Mordohaýdan hem äryny almakçy boldy.Hudaý bu işleri
başgaçasyna özgertip iberdi. Patyşa Kseroksnyň täze şazadasy Ester hem
ýahydiý ekenini Hamman bilmýadi.Şonuň uçin hem Ester üýşüren oturylyşyk
agşamyna pätyşa bilen bille bardy.Bu oturylyşyk hem ony buýsandyryp iberdi.
Ahrym şazada Ester başga koşk emeldarlaryny däl edil Hamaňy patyşa bilen
bille çagyran! Oturylyşykdan soň Haman öýine baryp nämeler bolonyny büýsanç
bilen maşgalasyna gepleb berdi.Ol dostlaryny,aýalyny çagyryp magtandy:”
Men baý,dowletli,ogullarym hem eterli.Bundan başga patyşa meni
beýiklentirdi.Iň möhümy şazada Esteryň nazaryna düşdim.Ol başgalarny
däl,diňe meni patyşa bilen oturylyşyga çagyrdy”.Onuň geplerinden
soň,dostlary we aýaly oňa maslahat berip başladylar.

Oloryň maslahatlary peýdaly gorünen Haman oňa tagzym etmedik Mordahaýi
asmak uçin 23 metrli agaç kaktyrdy.Ol daňda patyşanyň onüne baryp
Mordahaýi asmaga rugsat soramakçydy.Emma işler tersine gitdi. Patyşa
şazada Ester ýahydiý ekenini bilip,ýahydiýlara we Mordahaýa ýardam berýan
karary kabul etdi.Hamanyň asyl nieti paş bolup Mordahaýi uçin kakylan 23
metrli agaça onuň özi kakyldy. Netije edip aýdanda bu dünýada näme sadyr
bolmasyn hemmesi Hudaýyň eradasy bilen.Ynsan baýlygyna,gazanan ýeňişlerine
we şohratyna şadyýan bolup Hudaýyi we adyý ynsan ekenini ýatdan
çykarmasyn. Ezizler Hammana menseş adamlar hakynda bilmagi isleseňiz biziň
saýtymyza giriň . Biziň saytymyz size gyzykly maglumatlary bermaga hemişe
taýyn.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top