“Ýaş yigitdim,indi garradym,yone dogry ynsanyň terk edilenini ýa zürýadynyň
çörek dilenenini heniz görmedim”(Zebur 36:25).
Köplanç nahillidir bolgusyzlyklara garaşýas.Biziň çagalarymyzyň akyl
tarapdan ösüşi nahilli derejede ekenini görkezip berýan test netijelerinden
alada edýas. Gaz,suw,elektr edarasyndan gelip karzlarymyzy sorap
galmaklaryndan,şol wagtda karzymyzy tölep bilman galmakdan gaýgä
düşýas,perzentlerimiziň höwpsyzlygyndan,pulymyz kemliginde ol ýä-da bul
mätajliklerimize puly nadip tapýas diyip,indiki aýda çagalaryň okuwlaryna
pul gerek diyip pulymyz etmesliginden alada edýas.
Pul eterli bolonda bolsa dogry ulanýanmy,nahilli zatlara harçlamagym
gerek,nämelere sowmaslygym gerek diyip pulymyzy danalyk bilen ulanyp
bilmesligimizden gaýgy edýas.Eger pulymyz köpräk bolsa,nahilli peýdaly işe
salsam eken diyip öýlanýas,bu hem biz uçin bir aladä öwrilýar.
Çagalarymyzyň,ýan ýoldaşymyzyň,ýa-da bolmasa ene-atalarymyzyň saglygy bizi
howsala düşirýar. Bir gün gelip iýen önümlerimiz hakynda nahillidir
oňaýsyz pikirler eşitsek ol hakda hem howsala düşip galýas. Şonça gaýgy
aladalar arasynda ýaşap ýoren bir bir wagtymyzda bir mesele döreýar we ol
uçin hem ulakan mukdarda pul gerek/Indi şol puly nahilli tapýan diyen täze
gaýgy we alada peýda bolýar.
Eger her birimiz haýatymyza ,nahilli ýaşaýanymyza dykgat bilen
seretsek,gaýgylara doly haýatda ýaşaýanymyzy gorýas.Indi aýdyň,yone dine
çynyny aýdyň, Hudaý hemişe şonuň ýaly gaýgy aladada ýaşamagymyz uçin bizi
halas etdimi? Ol öz ýolunda bizi şoňa öwretýamy? Hudaý Öz ogluny biziň
günaalerimiz uçin gurban edip,soň ybadatlarymyza üns etmesligi mumkinmi?
Biz günakärleri şeýle söýani uçin hem Golgottada gurbanlyk etmadimi-na?Bizi
şeýle söýan Hudaý ýerdaki aladalarymyz bilen bizi öz ýagdaýymyz bilen
taşlap goýsa.Bu dünýany ýaradan Hudaý biziň nämelere mätäjligimizi hem
bilýar.Alada edip kim öz ömrüni bir pursata bolsyn uzaltyp bilýar.
Gaýgy aladanyz çözülýarmy?Zebur 90 bap 11 aýatynda:”Seni ähli ýollaryňda
goramak uçin perişdelerine sen babatda Ol emr eder”,diyip aýdany hem
oýunmydy?Ýok Hudaý oýun edmýar.Hudaý bizden Onuň eradasyny berjaý
etmegimizi islýan eken,şol bilen bille haýatda bize nämeler gerek
bolyşyny,ýaşaýyşymyz dowamyndaky mätajliklerimize hem alada edýar.Mukaddes
Kitabda maddy hajatlarymyz hakynda hem ýazylan:”Siz bolsa önürti Hudaýyň
Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň,şonda bu zatlar hem size onuň üsüne
göşup beriler.” Biderek gaýgy alada etmek ynsan saglygyna hem ryhyý
haýatyna hem gowlyk getirmýar.Gaýgy aladalary Hudaýa tabşyryň,yman bilen
Onuň etirmagine garaşmak iň gowy ýoldyr. Ine şony öwrenmagiňiz siz uçin
ulakan ýaňiş gazanmak bolýar.