MP3

Salam. Bu gunki söhbetimiz aýallar hakynda.Umuman haýatymyzyň başlanyşy aýal
bilen bagly. Aýalsyz dünýany we haýaty göz onümize getirmagimiz kyn. Yone
bugun aýallaryň butinleý başga görnüşini görýas.Olaryň Hudaý onünde eden
işleri,olaryň Hudaýyň beren ukuplaryndan Onuň şäälygy ýolunda peýdalanyşy
hakynda söhbetleşýas.Hudaýyň Sözünde ýzylan aýallar nahilli aýallar bolon
eken? Olor Hudaýa nahilli kömek berenler?Bu soraglara jogap almak we
eýamymyz başyndaky aýallar Isa Mesihe nahilli kömek berenlerini bilip almak
uçin Mukaddes Kitapa ýüz tutýas.” Gel, oňa üçekde bir kiçijik otag salyp,
onuň üçin ýorgan-düşek, saçak, oturgyç we çyra goýaly. Onsoň ol her sapar
bize gelende, şol ýerde bolup biler».(2-ji patyşalar 4:10).

Şunemli bu aýal Elýaşa paýgembere myhmansöýerlik görkezdi.Ony paýgember we
Hudaýyň adamy hökminde gorup,oňa elinden gelen ýardamy berdi.Mukaddes
Kitapda aýal hakynda ähmiýetli bolan ýene bir zat bar:” Garyba eli
açykdyr,mätäje elini uzadýandyr.”(Suleýman pähmleri 31:20). Suleýman
paýgemberiň pähmleri kitapynda ýazylyşy boýunça aýal garyplara ýardam
berýar.Mätäjlere elini uzadýar.Çyndan hem bunuň ýaly etmek aýalyň
tebigatynda bar.Hudaý aýaly mähriban we rehimli edip ýaradan.Ol
ýukaýürekli,kimdir biriniň kösenýanyna seredip durup bilmeýar.Ol mätäjlere
elimdem gelinçenli ýardam berýar.” 5Ol ýerde uzakdan seredişip duran köp
aýallar hem bardy. Olar Jelileden Isanyň yzyna düşüp gelenlerdi we Oňa
hyzmat edenlerdi. Olaryň arasynda magdalaly Merýem, Ýakup bilen Ýosäniň
ejesi Merýem bardy, şeýle-de Zebedeýiň ogullarynyň ejesi hem bardy.”(Matta
27:55-56)

Bu aýallar hemişe Isa Mesih hyzmaty dowamynda Oňa eýerip Oňa hyzmat
edenler.Olar Isa bilen bille ýurenlerinde näme etmekleri mumkin bolan.Buny
göz onümize getirmagimiz mumkin.Bu aýallar Isa Mesihyň geýmlerini
ýuwup,dikip beren bolsa gerek.Aç galanynda Oňa we şagirdlerine nahar
taýynlap berenler.Bu biziň takmynymyz,yone Mukaddes Kitapda ýazylan bu
aýallar biz takmyn edenimizden hem koprak işleri bejerenleri anyk.Isanyň
haýaty dowamynda Oňa ýag çalanam,Onuň aýaklaryny ýuwan hem aýallar bolýar.”
Isa Beýtaniýada deri keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka, bir aýal
agzy ýapyk çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny alyp geldi. Aýal
çüýşäniň dykysyny açyp, ýagy Onuň başyna guýdy.”(Mark 14:3).Bu aýal Isanyň
Hudaý tarapyndan saýlanany aňlaň ýagdaýda başgalara şony görkezmekçi boldy.

Ol baý aýal bolandäldyr.Ol naçe gurbanlyklar edip şol elindaki ýagy satyn
alandyr.Belki ol ömri dowamynda öýiniň bir çetinde saklap gelen gymmat
zatydyr.Näme bolondada şol aýal gymmat ýagy Isa Mesihe laýýk gordi.Oňy
özünuň Rebbi we Hudaý tarapyndan iberilen Mesih diyip saýlady.” Bir gün
fariseýlerden biri Isany nahara çagyrdy. Ol hem fariseýiň öýüne baryp,
saçak başynda oturdy. Şol şäherde günäkär bir aýal bardy. Ol aýal Isanyň
fariseýiň öýünde naharlanýandygyny bilip, çüýşe gapda hoşboý ysly ýag
getirdi. 38Aýal Isanyň öňünde dyzyna çöküp aglap, gözýaşlary bilen Onuň
aýaklaryny ýuwmaga başlady. Soňra aýaklaryny saçy bilen süpürip öpdi we
hoşboý ysly ýag çaldy” (Luka 7:36-37). Aýallar Hudaýa týus ýürekden hyzmat
edenler. Olar Hudaý beren hasiýeti Onuň ýolunda ulananlar. Bugun hem aramyzda
şonuň ýaly aýallar bar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top