Salam eziz radio diňleýjiler.Ybadata bagyşlanan programmamyza höş geldiniz.Ezizler siz gutulaňmysyz?Eger siz halas bolan bolsanyz onda siz uçin oran şat.Diymek siz Hudaýyň hyzmatçysyz.Hudaýa hyzmat etmek nahilli ajaýypdyr.Ýone Hudaýa hakykyý hyzmat etmek näme ekenini bilmek uçin Mukaddes Kitapa nazar salaýlyň.Rimlilere kitapynyň 12 bapynda Pawlys şeýle diydi. Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar. Bu dünýäniň ýörelgelerine uýgunlaşjak bolmaň. Tersine, pikirleriňizi täzeläp, özgeriň. Şeýtseňiz, Hudaýyň islegine düşünmegi, ýagny Ony nämäniň hoşal edýändigini, nämäniň oňat we kämildigini bilmegi başararsyňyz.
Özüme berlen merhemetden peýdalanyp, siziň hemmäňize şulary diýýärin: özüňize ýokary baha bermäň. Tersine, Hudaýyň her kime beren imanyna görä özüňiz babatda sagdyn düşünjeli boluň.
Bedenimizi mysal hökmünde alalyň: ol bir bolsa-da, agzalary köpdür, hersiniň-de öz hyzmaty bardyr. Biz babatda hem şeýle: köp bolsak-da, Mesih arkaly bir bedendiris, onuň agzalary hökmünde biri-birimize baglydyrys. Bize berlen merhemete görä, her birimiziň dürli ruhy peşgeşlerimiz bardyr. Şonuň üçin-de, kim pygamberlik peşgeşini alan bolsa, goý, özüne berlen imana görä pygamberlik etsin. Eger hyzmat bolsa, goý, hyzmat etsin; öwrediji bolsa, goý, öwretsin. Eger nesihatçy bolsa, nesihat bersin; mätäçlere haýyr-sahawat ediji bolsa, muny sahylyk bilen etsin. Eger baştutanlyk berlen bolsa, muny yhlas bilen ýerine ýetirsin, rehim-şepagat etmeklik berlen bolsa, muny göwünjeňlik bilen etsin.Ezizler şol aýatlar Hudaýa hyzmat etmek hakynda aýdýar.Hudaýa hyzmat her durli bolmagy mumkin.Hemma özuniň pesşeşlerine görä hyzmat edýar.Kimdir öwredýar,kimdir rehim-şepagat edýar, kimdir paýgemberlik edip hyzmat edýar.
Hyzmat nahilli boluşyna seretman akgöwünli we tuýs ýürekden bolmagy gerek.Ezizler siz-na?Siziň hyzmatynyz nahilli barýar?Siz hem diri Hudaýa hyzmat etmagi halaýanyzmy? Geliň bugunki ybadatymyzy edil hyzmatymyza garatsak.Isleseniz men bilen bille ybadat ediň.Eziz Atajan halas edeniň uçin Saňa şükurler aýdýas.Sen Beýik Hudaýsyň,Sen Musa,Ýakup,Ybraýym paýgemberleriň Hudaýysyň.Sen bizi güna bazaryndan gymmat baha satyp aldyň.Hudaýym,biz Seniň halas etmek maksatyňa,ýagny hezrati Isa Mesihe iman getirip halas bolduk.Biz indi Saňa degişlidirs.Tersine bu dünýa däl Seniň Asman pätyşalygyňa degişlidirs.Hudaýym biz Saňa hyzmat etmagi isleýas.Nirede bolmaýlyň,näme etmaýliň hemişe Seniň hyzmatynda bolaýlyň.Hyzmatymyzy ýagşylamaga laýyk pesgeşlerimizi bize görkez.Hudaýym bize hyzmat etmagi öwret.Hyzmatymyzy hasylly et.Saňa eden hyzmatymyz Seni şöhratlandyrsyn.Adamlar hyzmatymyzy görüp Saňa öwgiler we şükürler aýtsynlar.Hudaýym diňe sen hyzmatymyzy Mukaddes Ruhyň bilen guýçlendirýaň.Seniň pätyşalygyň ýerde hem giňelmagi uçin bizden peýdalan.Bizi tä çeper ussanyň elindaki esbab ýaly ulanyp imanlylar sanyny kopelt.Seniň Mukaddes adyň bilen ybadat etdik.Omin. Ezizler men bilen bille ybadat edeniniz uçin sag boluň.Egerde siziň ybadat mätäjlikleriniz bolsa biziň elektron menzilimize hat ýollaň.Biz siz uçin ybadat edýas.Höş sag aman boluň.