5:41

Diňlamek we amala aşyrmak

MP3

Salam eziz radio diňleýjiler.Ybadata bagyşlanan programamyza höş geldiňiz.Eziz dostym,sizi imana girip Rebbimiziň perzentine öwrileniniz bilen gutlaýan.Çunki siz täze haýata eýe boldynyz. Şol siz eýe bolan täze haýat Hudaýa näçe gymmat düşenini bilýanyzmy?Ahrym Hudaý bizi özi bilen ýaraşdyrmak uçin Özüne iň gymmatly bolan Zady siz we men uçin gurban etdi.Muň ýllar dowamynda meýileşdiren işini Hudaý amala aşyryp siz we meni şeýtan hakimiýetinden azat etdi.Indi biz bu dünýa däl,tersine Hudaýyň beýik we mukaddes pätyşalygyna degişlidirs.Indi biziň günali geçmişimiz zalymlyklarymyz ýok boldy.Çunki Hudaýyň gurbanlygyny kabul edip bagyşlandyk.Indi bu dünýada ýaşar ekenik,dine bir dinleýji däl belki Hudaýydan diňlanlarimizi amala aşyrýanlardan bolmagymyz gerek/Geliň Hudaýyň Sözi bu hakda näme diyenini görup çykýas.Ýakup kitapynyň 1çi bapynda şeýle aýatlar ýazylan.

13Pis höwesi bolan adam: «Meni Hudaý höweslendirýär» diýmesin, sebäbi Hudaýda hiç hili pislik höwesi ýokdur, Ol hiç kimi pislik etmäge höweslendirýän däldir. 14Tersine, her kim öz pis höweslerine çolaşýandyr we aldanyp synaga düşýändir. 15Onsoň höwes göwreli bolup, günäni dogurýar, günä hem ýetişip, ölümi dogurýandyr.

16Eziz doganlar, aldanmaň! 17Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur. 18Ýaradanlarynyň arasynda Onuň saýlan halky bolmagymyz üçin, Hudaý hakykat sözi arkaly bize täze ýaşaýyş bermegi karar etdi.

Eý, söýgüli doganlarym, muňa üns beriň: her bir adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda haýal bolsun. Sebäbi ynsan gahary Hudaýyň isleýän dogrulygyny amala aşyryp bilmez. Şonuň üçin hem ahlak hapalygyny we her dürli ýamanlyk galyndysyny zyňyp taşlaň-da, Hudaýyň kalbyňyza eken sözüni pespällik bilen kabul ediň. Bu söz janyňyzy halas etmegi başarýandyr.

Hudaýyň sözüni ýöne bir diňläp goýman, eýsem, onda aýdylanlary ýerine ýetiriň, ýogsam siz özüňizi aldaýansyňyz. Kim sözi diňläp, ony berjaý etmeýän bolsa, ol aýnada ýüzüni görýän adam ýalydyr. Ol özüni synlap gidenden soň, şobada nähilidigini ýatdan çykarýar. Emma kim azatlyk berýän kämil kanuna üns berip, eşidenlerini ýatdan çykarman, gaýtam, ony berk berjaý edýän bolsa, Hudaý ony her bir edýän işinde ýalkar. Eger kimde-kim özüni dindar saýýan bolsa, emma dilini saklamaýan bolsa, ol özüni aldaýandyr, onuň dindarlygy biderekdir. Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.

Ezizler düşünen bolsanyz bugun edil amal edýanlardan bolmak uçin ybadat etmekçi.Isleseniz ybadatymyza göşüluň.Atajan,Seniň Mukaddes adyň beýik bolsun.Hudaýym bize eşitmekde çalt,geplemekde assa,gaharlanmakda haýal bolmagy öwret.Hudaýym,indi her hilli erbetlikleri,kopelip galan ýamanlyklarymyzy bir çeta süýuştirip goýaýlyň.Öz-özümizi aldap Seniň Sözüniň diňleýjileri dälde,belki berjaý ediýjileri bolaýlyň.Seniň erk berýan Kanunyňa ýakyndan seredip,oňa berk amal edýan kişilerden bolaýlyň.Sen bize tabşyran işini berjaý ediýjilerden bolmagy isleýas.Hudaýym bizi gury gep eýeleri bolmakdan özüň sakla.Tersine bary geplerimiz,edýanlarymyz Seniň söýgi Şälygyňy ýerde ýaýratmaga garatylan bolsun.Hudaýym şol täze haýatda batyrgaýlyk bilen ýaşaýyşymyz uçin bizi Mukaddes Ruhyň bilen doldur.Seniň Mukaddes adyň beýik bolsun.Omin.Ezizler men bilen bille ybadat edenleriňiz uçin sag boluň.Egerde sizde hem ybadat mätäjlikleri bolsa bu hakda biziň elektron menzilimize hat ýollaň,ýada bolsa ybadat mätäjlikleri bölümimize habar iberiň.Biz siz uçin billelikde ybadat edýas.Adlaryňyz efire iberilmeýar.Rebbimiz merhemeti barynyza ýar bolsun.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top