3:14

Hudayň perişdesi

MP3

Salam eziz doganlar.Siz ezizler bilen ýenede düşüşup duranymyzdan oran minnetdaris.Rebbimiziň ady ýenede ýokary galsyn diyip bugunki mowzugymyzy başlaýas.Baş üstine hormatly doganlar.Eger Köne Äht kitapyny dykgat bilen okap görsek,onda Hudaý Özüne degişli adamlar bilen perişde arkaly gepleşenini görmagimiz mumkin.

Onuň adyny “Hudaýyň perişdesi”diyip atlandyrýas.Gelip çykyş kitapynyň 16 bapynda Hajar Seraýdan gaçyp gidýany hakda okamagymyz mumkin,7 aýatynda ýazylyşy boýunça Hudaýyň perişdesi Hajary tapyp alanyny okamagymyz mumkin.

Hajar Hudaýyň Özüni görendigi hakda geplep berýar.Bundan gelip çykyp biz hiç ikkilenmesden Hudaýyň Perişdesi bu Rebbimiz Isa Mesihyň Özi diyip aýtmagymyz mumkin.Şoňa menzeş wakalary Köne Äht kitapynyň ýene başga ýerlerinde okap gormeginiz mumkin bolýar.

Meselen: Müsrden Çykyş kitapynyň 3 bap 2 aýatyndan 6 aýatynaçenli bolan ýerleri.Bundan başga,Gelip Çykyş kitapynyň 18 bap 1 -33 aýatynaçenli bolan ýerleri.Ýenede Ysrayl serdarlary kitapynyň 6 bap 11-16 aýatynaçenli bolan ýer we 13 bap 3 we 9 hemde 22 aýatlary.

Ezizler ine şu getirip geçen ýerlerimizden siz Hudaýyň perişdesi hakda ýazylan aýatlary tapyp okamagynyz mumkin.Mukaddes Kitapdaky her bir söz oran gymmatbahadir.Meselen Matta Kitapy 4 bap 4 aýatynda: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem Rebbiň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýar“ diýip ýazylan.

Bundan başga ýene şu hatyň 5 bap 18 aýatyny hem billelikde okap görsek: “Size dogrusyny aýdýaryn, asman bilen ýer ötýänçä, ähli zat amala aşýança, Töwratdan ýekeje harp-da, bir nokat-da öçmez. “Hudayň sözi Özi ýaly ebediýdir we ol nesilden nesile geçip baryşyna hiç kim şübhe etmese gerek.

Eziz doganlar Hudaýyň perişdesi hem we adamlar bilen aragatnaşykda bolan perişde hem edil Hudaýyň Özi ekeni bize indi mälim boldy.Diymek,ýekeje Hudaýyň Özi her hil görünişde bary insanlara gorunen.

Ýone biz Hojaryň aýdanlaryndan Hudaýyň Özi insanlar hakda alada edýanyny bilmegimiz mumkin. Hudaý bugunki günde hem Özüne ynanan insanlaryň barysy hakda alada edýar,saklap,gorap Öz penasyna alýar.Hudaýa tabun bolan her bir insan Hudaýyň hemaýatyna laýykdir.

Ezizler siz bilen hoşlaşmasdan oň size öz elektron saýtymyzy ýatlatyp geçýan.Ezizler ýenede mowzuklarymyz arkaly duşuşýinçenli höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top