Salam ezizler.Ybadat mowzugyna bagyşlanan programamyza höş geldiniz.Aşakdaky ybadaty,Mesih öz şägirdlerine öwretipti.” Şonuň üçin, şeýle doga-dileg ediň:
„Eý, gökdäki Atamyz!Adyň mukaddes bolsun!Patyşalygyň gelsin!Gökde bolşy ýaly,ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn!Gündelik çöregimizi bize şu gün ber.Bize ýamanlyk edýänleri bagyşlaýşymyz ýaly,Sen hem biziň ýazyklarymyzy bagyşla.Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.”(matta 6:9-13).
Uns ediň ybadat “Biziň gökdäki Atamiz!”diyen sözler bilen başlanan/Isa”Meniň Atam”diyip däl,belki”Biziň Atamyz”diyip ybadat etmagi öwreden.Şägirt nirä barmasyn,ol ýerdaki adamlary düşünmagi gerek,özüni olaryň derejesinde tutmagy gerek.Şägirt özüni kämillige ýetişen,öz mesgenine ýetip gelen adam diyip hasapamasyn.Tersine ol türgenleşik döwründe ekenine ykrar bolsun,bu dünýada özüni musafir diyip bilsin.Haýatynda Hudaýyň myrat-maksaty amala aşmagyna çalyşsyn.Adamlaryň mätäçliklerine duýgyr,kemçiliklerini bagyşlaýan bolsun.
Isa ybadatda Özüni däl,Hudaýy şohratlandyrandy.Mesihyň Rebbiýligine ykrar etme-özünden ret etmek diymekdir.Siz meşhur bolmakçi bolýanyzmy?Başga adamlar sizi hormat etmagini isleýanyzmy? Haýatynyzdaky maksatlarynyz şahsyý bähbitlerinize esaslananmy? Meselen,unsinize laýyklykda ylmyý döredilen zat, uly telekeçi bolmak,möhüm bir adam bilen durmuş gurmak we başga.Eger Mesih siziň Rebbiniz bolsa,ol ýagdaýda siz özünizi beýiklenmaginizi dälde Mesihyň şohratlanmagyny gözlemeginiz gerek. Hudaý asmanda hökümrawanlyk edeni ýaly,ýerde hem höküm etmekçi.Hudaý Öz şäälygyny gurýar.Siz bil baglap,Mesihyň şaalygyny gurmaga girişenmisiniz ýada özüniziň kiçijik hanlygynyzy gurmak bilen meşgulmysynyz?
Belki siz jemagatda çagalar hyzmatyny alyp barýanydirsiniz,ýada ýaşulylar toparyna ýolbaşçylyk edýandirsiniz,ýada bir gurulyş proektini,ýada hyzmat hereketini başlaýndirsiniz,näme etmeginize seretman,butin ünsiniz näme garatylan?Meýilnamalary alyp barmagamy ýada hakykatdan hem Mesihyň şäalygyny gormagami?Hudaýyň şälygyny biz Höşhabar aýtmak arkaly görýas.Biz adamlary garaňkylykdan nura,şeýtanyň zalymlygyndan Hudaýyň häkimiýetine alyp girýas.Hoşhabar ýaýratmakda siz näçe işeňňirsiniz?Imansyz adamlar sizi özünuň ýakyn dosty,diyip aýdyp bilýarmy?
Üns ediň,şol ybadatda Isa hem”Meniň eradam berjaý bolsun”diymedik,tersine,”Seniň eradaň berjaý bolsun”-diyip aýdan.Isa şoňa menzeş ýene başga bir gep aýdandy:” Men Öz-Özümden hiç zat edip bilmeýärin; Atamdan näme eşitsem, şonuň ýaly höküm çykarýaryn. Meniň kazylygym hakdyr, sebäbi Men Öz islegim boýunça höküm çykarmaýaryn, Meni Ibereniň yradasyny berjaý edýärin. “(Ýohanna 5:30).Eger siz tuýs ýürekden Hudaýyň yradasyny agtarmasanyz we haýatynyzda ony ulanmasanyz ol ýaagdaýda “Seniň yradaň berjaý bolsun”diyip ybadat etmaň.Mukaddes Kitapda Hudaýyň eradasy näme ekenligini bilseniz şoňy etmagi başlaň.Şonda Mukaddes Ruh sadyklygyny görkezip size Hudaýyň eradasyny doly açyp başlaýar.Egerde sizde ybadat mätäçligi bolsa bize habar ýollaň.Biz siz uçin billelikde ybadat edýas.Adlarynyz efire koýberilmeýar.Rebbimiziň merhemeti barynyza ýar bolsun,ezizler.Hoş sag aman boluň.