3:25

Hudaýyň tertibi

MP3

Salam eziz moştaklar,siz ezizler bilen ýene sag-aman duşuşup duranymyzdan oran şat.Hormatly doganlar,häzirki wagta gelip käbir gündogar Aziýanyň dinleriniň täsiri astynda täze döwrebap düşünjeler peýda bolýar,olara göra Hudaý we ýaradylan dünýa ortasynda hiç hilli tapowut ýok,olar uçin Hudaý hemme zat bolup,hemme zat Hudaýdir.

Ýone Mukaddes Kitap bize Hudaý ýaradylan barlykdan tapowutlanýanyny öwredýar.Hudaý butin älem-jahan we ondäky barlygy ýaradyp galman olardan beýik derejede üstindir hem.

Buny aňlatmak uçin adatda transendentli söz ulanylýar.Ýone bu Induizma esaslanan transendental mediatsiýadan tapowut edýar.Tersine olar Hudaýyň transendenligini hem we hatta barlygyny hem ret edýarler.

Näme uçin Gelip çykyş kitapyň 1 babynda dünýany alty gunde ýaradylan diyip beýan edilen?Bu soraga durli jogaplar getirilen.Käbirler hakykatdan hem alty günde ýaradylany uçin şeýle diyseler,başgalar bolsa ýatlap galmak uçin aňsat boluşy uçin ýörite şonuň ýaly şekile getirilen diyp belleýarlar.

Elbettde ewreýçe metinde ulanylan “ýom” sözi butin Köne Äht kitaplarynda adatyý güňi aňlatmak uçin ulanylan.Ýone -käbir ýagdaýlarda bu söz bir günden uzakrak döwuri aňlatmak uçin hem ulanylanyny hem nazardan gaçyrmaslygymyz gerek.

Bu mesele ýaradylyş-ewolýusiýa bäsdeşligine baryp direnýar,häzir bu mowzugy bu ýerde gürrüň etmeýas.Şona seretman ikki zady aýdyp geçýas.Başda bu metine menzeş metin umumman ýokdugy sebäpli oňy düşündiriş oran kyn.

Bunda düşündiriş mumkinçiligi oran kopdigi sebäpli bu ýada alty günde bolan taryhýy waka ýada taryhyý dal hekaýa diyip bilmeýas.Ýone şonysy anykdygyny -ýaradylyş taryhyý waka,buny bolsa biz Täze Ähtdaky aşakdaky aýatlardan bilip almagymyz mumkindigini bilýas.

Ýohanna kitapynyň 1 bap 3 aýaty: Ewreýlere hatynyň 11 bap 3 aýaty hemde 2-ji Petrus kitapynyň 3 bap 7 aýatlary.Ikkinjiden biz buňa menzeş anyk dal maglumada duş gelenimizde,ýagny Mukaddes Kitap metinini düşündirişiň bir däl,bir näçe ýoly bar bolanda,biz oňy Höşhabar arkaly düşünmagimiz gerek bolýar.

Çunki Höşhabar Hudaýyň insana beren iň soňky we iň doly Sözüdir.Hoşhabardan bize mälim boluşy ýaly,Hudaý butin barlygy mälim bir maksat bilen ýaradan.Ol butin bir älem-jahany Öz Sözi arkaly dolandyryp dur.Diymek Hoşhabar arkaly seredýan bolsak ýaradylyş alty günde bolanmy ýada ýokmy anyk däl,onuň alty günde bolmany hem anyk däl.Mukaddes Kitap hakykaty aýdýany anyk,ýone bu ýerde mesele onuň nahilli takdym edilişindedir.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top