5:17

Synaglar arkaly ösmek!

MP3

Salam ezizler.Haýat sokmaklarynda size ýakyn bolup söhbetleşmek mumkinçiligine eýe bolanymyzdan oran şat.Şohbetimiz mowzugy her birimiz uçin oran ähmiýetli.Her birimiz haýatymyzda durli gyzyklandyrylma duş gelendiris we häli oran kop gezek duş geleris .Ýakup kitapy 1 :12 aýatynda şeýle ýazylan:” Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi.” Howa her bir synag we – gyzykdyrma bize nämenidir öwretýar.Her bir synag we – gyzykdyrma ýagşylyk etmaga ýada dogry zady saýlamak uçin bir mumkinçilikdir.”Maňa gelen synaglar diniý ýoldaky halypalarymdyr”,-diyen eken Martin Lýuter.Ruhyý kämilige ýetişmek ýolunda gyzykdyrma we synaglar bize böwet daşyndan görä koprak ýokara göterilmegimizde kömek berýan ýardamçy daşlar ýaly hyzmat edýar. Şol hakykaty aňlap yetende bu gyzykdyrmalar size dogry zady saýlamagynyzda ýardamçy bolup hyzmat edýar.

Gyzykdyrma bize saýlamak mumkinçiligini berýar.Biz gyzykdyrmalary ýaman gorýas,ýone Hudaý olary bizi ösdirmek uçin işletýar.Her gezek ýamanlyk ornuna siz ýagşylygy saýlanynyzda Mesih suraty tarapa bir adim goýan bolýanyz.Bu zatlary düşünmek uçin bolsa siz iň awwal Masihyň häsiýetlerini anyklap almagynyz gerek.Bunuň ýaly häsiýetlerini anyklamagyň iň aňsat ýoly-Mukades Ruhyň miwelerini bilmekdir.Mukades Ruh biziň haýatymyzy dolandyranynda biziň içimizde söýgi,şatlyk,hätirjemlik,sabr-tukat, mähribanlyk, hoşgöwünlilik, wepalylyk, mylaýymlyk we haýa ýaly duýgulary şekilendirýar.Bu dokuz hasiýetleriň hemesi Mesihde jemlenendi.Mukades Ruhyň miwelerine eýe bolmak-Mesihe menzemek diymekdir.Mukades Ruh haýtymyzda bu dokuz miweleri nahili şekilendirýar?Olary bir salymda peýda edýarmy? Bir guni öýananynyzda şol häsiýetlere eýe bolup galan bolýanyzmy?

Ýok onuň ýaly bolmaýar.Miweler oran assa pişýar.Aşakda berilen kada siz ýatlap galmagynyz uçin we hemişe ýadynyzda saklamagynyz gerek bolan kadalar.Hudaý sizde Mukades Ruhyň miwelerini şekilendirmegi uçin size şoňa garama-garşy bolan hadysalary berýar.Şol arkaly Ol sizde şol miweleri peýda edýar.Sabr-tukatly etmek uçin size sabr-tukat etmaginize dogry gelýan hadysalary berýar.Şol arkal siz sabr-tukatly bolmagy owrenýanyz.Oran üýtgeşik we adatdan daşary usul dogrymy? Bu häsiýetleri şekilendirmekde elbetde saýlaw ulakan rol oýnaýar. Gyzykdyrmalar we synaglar bolsa bize saýlamak mumkinçiligini berýar.Meselen Hudaý bize söýmagi owretmek uçin töweregimize biz ýaktyrmaýan kişini alyp gelýar.Size ýaraýan we siz soýan kişileri söýmek bu Mukades Ruhyň miwesi däl.Size ýaraýan adamy soýmek oran aňsat.Hudaý bize söýmegi owretmek uçin haýtimize kyn pursatlary berýar.Şonuň ýaly kyn ýagdaýlarda hem şatlanmagy owrenmegimiz uçin .Şadýanlyk haýtynyzda bolup geçýan ýagdaýlara bagly, ýone şatlyk bolsa Hudaý bilen bolan aragatnaşygynyza bagly.Hudaý haýtymyza maksatymyzdan daşary ýagdaýlar we wakalary goýmak bilen bize hätirjemligi öwretýar.Şonuň ýaly bulam-bujarlyk we tertipsizlikerde hem Hudaýa ynanyp,hatirjemligi duýmagy owrenýas.Hudaý bizde özi halan hasiýetleri peýda etmek uçin garama-garşy ýagdaýlardan peýdalanýar. Siz ýaman bolmak uçin gyzykdyrmaýynçenli ýagşy bolup bilmeýanyz. Wepasyzlyk gyzykdyrmasyna düşmaýinçenli wepaly bolmaga öwrenip bilmeýanyz.Her gezek siz gyzykdyrmany ýenip çykanynyzda Isanynň häsiýetlerine ýakynrak bolup barwerýanyz.Ezizler bugunki mowzugymyzdan haýatynyz uçin gerekli zady aldynyz diyen umytdadiris.Bu mowzuk sizi gyzykdyrma nahili gatnaşykda bolmagy öwreten bolsa bundan göwnumiz şat. Gyzykdyrmalary ýeňmaga ýeňinizi çermaň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top