4:14

Ynjyl Sapaklary

MP3

Isa dogulan Baýtalahm we Nosira bugun hem gülep-ýaşnan şäherlerdir.Ol Özünuň birinji tasinliklerini görkezen Kana,Ol Öz haýatynyň ilki ýyllaryny geçiren we agaç ussasy bolup işlan Nasyra,Ol koplanç wagz edip ýören Horazin we Kopernaum we Isa dul aýalyň oglyny haýata gaýtaran Nain şäheri bularyň hemmesi biri-birinden 40 km uzaklykda ýerleşen.Haliliýa köliniň gündögar kenarynda Isa jyn-arwahlara çalynan adamy şypalan ol ýerde Gadara ulkesi ýerleşendi.

Bu hakda Mukades Kitapyň Luka höşhabarynyň 8:26-37 aýatlarynda okamagynyz mumkin.Isanyň Ýahudiýadaky hyzmaty Ierusalime we oňa goňşy obalara garatylandy.Isa Merýem bilen Martanyň öýinde akşamky nahar iýen Baýtaniýa Ierusalimden bir ýarym kilometr daşlykdady.Zeýtun dagynyň gundogar tarapynda ýerleşendi.

Özünuň direlmaginden soň ol ýere barýan ýolda Ol Özünuň ikki şägirdi bilen düşüşan Emmaus Ierusalimden demirgazyk-günbatar tarapta 12 km uzaklykda,Ýaffa tarap barylýan ýolda ýerleşendi.Ierusalim şäheri hakda Ynjyl tiz-tiz gepleýar.Ybadathana,Siloam howuzy we Baýt-Hasda,Kidron derýasy,Zeýtun dagy etegindaki Getsemaniýa bagy,Golgutta,ýagny” ölüm mekany”-bu ýerleriň barysy Isa we Ynjyl ýazyýjylaryna tanyşdy.Ýahudiýadaky bir ýylly hyzmatyndan soň Isa Özünuň wagtyny Haliliýada we onüň töwereklerinde geçirdi.

Onuň Ierusalimden Halillýa geçip ýorenleri Höşhabary wagz etmage ullakan mumkinçilikler berýady.Özünuň wagz edip ýören döwründe Ol baran kop şäher we obalaryndan takmynan 20si Ynjylda sanap geçilen.Geliň hormatly radio dinleýji moştaklar Size Rebimiz ýaşap geçen döwurdaki aýrym welaýatlar hakynda gysgaça maglumat berip geçsek.Isanyň hyzmaty wagtynda Halileýa güllep ösen welaýatdy.Onda takmynan 2 million halk ýaşan 240 şäher we 14 gala bardy.Pereýany Hirod Antipa dolandyrýady.Bu ýerler belent, önümsiz,,halky siýrek ýerleşendi.

Bu ýerlerde esasan sureniýler we arablar ýaşýadylar.Halileýa we Pereýada Isa özünuň hyzmatynyň kop bölegini geüirendi.Pereýanyň kop şäherleri Hirod Antipa dolandyrýşy astyndaky ýerlerde ýerleşen bolsada, erki özündedi.Bunuň ýaly şäherlerň sany ondy we olary Onkent diyip atlandyrardy.Bu şäherler dogrydan-dogry Rimdan dolandyrlýady we memleket serhetiniň başga bölegini arab tireleriniň garakçylary hüjüminden gorap saklýadylar.Täze Aht ýazylan wagtlarda Gündogaryň bir hatar dowletlerini aýranda butin ösen dunýa Rim hakimligi astyndady.Günbatarda Atlantika okeanyndan başlap gundoganda Frot derýasy we Gyzyl deňizeçenli,demirgazykda Rona we Dunaý derýalaryndan,Gara deňiz we Kawkaz daglaryndan başlap gunortada Çöl Kabireçenli Täze Ahtda Kaýsar diyip atlandyrylan imperatoryň ýekkeje hökümdarlygy astyndaky bir aňyrsy-bärsi görünmeýän imperiýa ýaýrap ýatardy.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top