4:52

Mowap şäsy ballak

MP3

Salam ezizler. Gep-guruň tiz ýaýraýar.Esasan-da ýaman habar tiz ýaýraýar.Bu habar agyzdan-agyza geçeni boýunça habaryň wehimi artýar.Hemme ýaman habara biräz wehime göşüp soňra indiki adama uzatýar.Şeýdip görseniz kiçi bir göwünsiz habardan,ullakan wehimli ýaman habar gelip çykýar.Bu menim pikrimçe hemme zamanlarda hem bolan.Ýone gadymda Ysraýyl halkynyň Hudaý dolandyrýyşynda Müsrden çykyşy,Hudaýyň dolandyrylmagynda wada edilen ýera etip gelmagi addýy habar däldi. Bu çyndan hem taryha möhürlanýan, bütindünýä täzeliklerinden biridi.Bu täzelik Ysraýyl halky uçin şatly bolsa,olaryň ýolunda duşüşan halklar uçin wehimli bolup duýuldy.Ysraýyl ýolunda duşüşan halklar Hudaýyň we Ysraýyl halkynyň niýetini bilman durup,biderek wehima etdiler.Olordan gorkyp,söweşe taýynlandylar,netijede bolsa ýeňildiler.

Şonuň ýaly wehime düşen halklardan biri bu –Mowap halkydy. Ysraýyl halky ýolunda dowam etdi Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde düşlediler. Ysraýyllaryň amorlaryň başyna salan ähli işlerinden Sipor ogly Ballagyň habary bardy. Mowaplylar ysraýyl halkynyň köpdügini görenlerinde, juda gorkdular. Şeýdip, mowaplylar ysraýyllar sebäpli dowla düşdüler. Onsoň mowaplylar Midýan ýaşulularyna şeýle habar ýolladylar: «Öküziň meýdandaky otlary ýalmap-ýuwudyşy ýaly, bu gelýän mähelle hem töwerek-daşymyzdaky zatlaryň hemmesini ýalmap-ýuwudar».(Çölde 2:4).Olor gönuşylar bilen maslahatlaşyp,Amor halkymyň ýagdaýyna düşmeslik uçin,ähtimaldan leşgerleri söweşe taýynlap goýdylar.Ýone Mowap şäsy Ballak Amor şäsy Sihordan biräz akkly çykan ýalydy.

Ol wagtlar Sipor ogly Ballak Mowabyň patyşasydy. Ol hudaýlykly,nälet bilen merhemet tapawudyny bilýan insan bolon ekeni .Ballak Begor ogly Bilgamy çagyrmak üçin çaparlar ýollady. Bilgam Ýewfrat derýasynyň boýunda, Petorda öz tohum-tijiniň arasynda ýaşaýardy. Ballak Bilgama: «Müsürden bir halk çykyp gelip, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. Ine, indi olar meniň alkymyma dykylyp geldiler. 6Şonuň üçinem gelip, olary meniň haýryma näletle. Çünki olar menden güýçli, belki şondan soň men olary ýeňip, ýurtdan kowup çykaryp bilerin. Çünki seniň ýalkanyňyň ýalkanýandygyny, näletläniňiň bolsa näletlenýändigini men bilýärin» diýip habar iberdi.(Çölde 2:5-6).Ballak Ysraýyl halkyny nälet arkaly gowşaklaştyryp ýeňmagi maksat edipti.Ýone ol bir zady ýatdan çykarypty.

Ol Ysraýyl halky hakda eşiden bolsa,olaryň Hudaýy hakda hem eşiden bolmagy gerek.Ýolundäky halky nahili ýeňenini,çölden nahilli geçip çykany hakda hem üzlem-saplam bolsada eşiden bolmagy gerekdi. Şol habarlara esaslanan ýagdaýda akylly bir netije çykaryp bilmedi. Ol diri we gudratly Hudaý öz halky-Ysraýyl bilen bille ekenini bilmedi. Ol bu Hudaý hakda kop bilmesdi.Diňe özi çagyrmakçy bolan paýgemberiň näleti we dilegi hakda kop bilerdi.Paýgember geldi,ýone Bilgam Ballaga: «Ine, men seniň ýanyňa geldim! Mende näme bir zat aýtmaga güýç barmydyr? Men diňe Hudaýyň agzyma salan sözlerini sözlärin» diýdi. Ballok oňy Ysraýyl halkyny näletlemek uçin alyp gelipti.Hudaý bolsa oňy Ysraýyl halkyny doga etmek uçin ulandy.Ballok hattda baýlygy,sylaglary bilen hem paýgemberi öz ýoluna salyp bilmedi.Hudaýa garşy çykyp bilmedi.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top