3:58

Salyk ýygýnçy fariseý

MP3

Salam eziz radio diňleýji dostlar. Programmamyza hoş geldiniz. Bize aýryp
berilen wagt dowamynda biz siz bilen ybadat hakynda gepleşýas. Wagtymyz etse
onda özümiz hem islan usulda elimizi ybadata açyp Ýaradyjymyza
ýüzlenýas. Ezizler geliň başda biz Perwerdigarimyzyň Mukaddes Kitapyndan
ybadat hakyndaky bir aýtyny okap çyksak. Ertir ir bilen geçip barýarkalar,
injir agajynyň köki bilen gurandygyny gördüler.
Petrus bolup geçeni ýatlap: «Mugallym! Ine, Seniň gargan injir agajyň
gurapdyr» diýdi.
Isa olara şeýle jogap berdi: «Hudaýa imanyňyz bolsun.
Size dogrusyny aýdýaryn, kim ýüreginde şübhä ýol bermän, diýýäniniň
boljakdygyna iman edip, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl» diýse-de, onuň
diýeni bolar.
Munuň üçin size diýýärin: doga bilen dilän ähli zadyňyzy aljagyňyza iman
ediň, ol size berler.
Gökdäki Ataňyz siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar ýaly, birinden öýke-kinäňiz
bar bolsa, doga etmäge duran mahalyňyz siz-de ony bagyşlaň.
Siz bagyşlamasaňyz, Gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz».
Mukaddes Kitapda ybadat hakynda ýene bir gyzyk ýerini okaýas. Öz
dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän käbir adamlara Isa şu tymsaly
aýtdy:
“ Iki adam doga etjek bolup, ybadathana gidýär. Olaryň biri fariseý, biri-
de salgytçy eken.
Fariseý durup, öz içinden şeýle doga edýär: „Eý Hudaý! Men başga adamlar
kimin talaňçy, egri, zynagär we bu salgytçy ýaly-da däldigime şükür
edýärin.
Men hepdede iki gezek oraza tutýaryn, bütin girdejimden zekat berýärin».
Salgytçy bolsa daşda durýar. Ol gabagyny Göge galdyrmaga hem ýürek
etmeýär, ýöne gursagyna urup: „Eý Hudaý! Men günäkäre rehim et!» diýýär.
Size aýdýaryn, fariseý däl, şu adam aklanyp, öýüne gidýär, çünki her kim
özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler».
Ezizler eger siz ybadat etmagi isleseniz ýone nadip ybadat etmagi
bilmeseniz hiç gaýgy etmeň.Hezrati Isanyň şagirdleri hem hyzmatlarynyň
başynda nadip ybadat etmagi bilmeýadylar.Şol aýat buňa mysal bolup biler.:”
Doga edeniňde ikiýüzlüler ýaly bolma, çünki olar göz üçin sinagogalarda,
köçe burçlarynda durup doga etmegi halaýarlar. Men size dogrusyny aýdýaryn,
olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar.
Emma sen doga edeniňde, öz otagyňa girip, gapyny ýap-da, gizlinlikdäki
Ataňa doga et. Gizlinlikde edileni görýän Ataň saňa ony açyk gaýtaryp
berer.
Siz doga edeniňizde milletler ýaly, boş sözleri gaýtalap durmaň, çünki
olar köp sözlemek bilen eşidileris öýdýärler.
Olar ýaly bolmaň, çünki Ataňyz size nämeleriň gerekdigini, Ondan
dilemänkäňiz bilýändir.
Şonuň üçin, şeýle doga ediň: „Eý, Gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun.
Patyşalygyň gelsin. Gökde bolşy ýaly, Ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn.
Gündelik çöregimizi Bize şu gün ber.
Bize ýamanlyk edýänleriň ýazyklaryny geçişimiz ýaly, Sen-de biziň
ýazyklarymyzy geç.
Bizi synaga salma, bizi iblisden halas et. Çünki patyşalyk, gudrat we
şöhrat Ebedilik Seniňkidir. Omyn».

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top