MP3

Salam, Hudaý bilip durup Onuň işlerine garşy iş tutmak
wyždansyzlykdyr. Hudaýyň perzendimen diyip şeýtannyň işlerini etmek,oňa
boýun egmek, insanyň heläkçilikge ýüz tutýanyndan habardyr.Ýohanna gelen
aýanlyk dowrunde takmynan eýamymyzyň 90 ýylarynda hem tä şonuň ýaly jemagat
bardy.Hudaý bu jemagat hakynda şeýle diydi:” Seniň nirede ýaşaýanyňy
bilýärin, şeýtanyň hem tagty şol ýerdedir. Sen Meniň adymy berk
saklaýarsyň. Araňyzda şeýtanyň ýaşaýan ýerinde öldürilen sadyk şaýadym
Antipas barka-da, sen Maňa bolan imanyňdan dänmändiň. Ýöne sende oňlamaýan
birnäçe zadym bar. Ol ýerde Baliom taglymatyna eýerýänler bar. Şonuň ýaly-
da araňyzda nikolaçylaryň taglymatyna eýerýänler hem bar. Munuň üçin toba
et! (Ýohanna gelen aýanlyk 2:13-16).
Biz hem bugunki gunde şeýtanyň tagt ýerleşen ýerde ýaşaýas.Hudaýyň adyna
yhlaslylyk goýan bolsak hem käbir kynçylyklardan geçip Hudaýa wepaly
bolsak hem içimizde Hudaý makul gelmeýan pikirler, endikler bar.Eger şeýle
bolsa Ýohnna gelen aýanlyk kitapyny alyp 2 bapyny okap çykyň.Hudaýdan:”
Mende nahilli ýaňlyş pikrler bar”diyip soraň.Insan töweregindaki kişilariň
hem nahillidigini ýagşy bilmegi gerek.Çunki ýaman dostlar Hudaý perzendini
ýoldan ýalňyşdyrýar.Töweragimizde ynanan kişilerimiz arasynda bizi Hudaýyň
dogry ýolundan azaştyraýn kişiler bolmagy mumkin. Töweragimizde däl
içimizde Hudaýyň ýolundan çetlenmagimize sebäp bolýan ýalňyş pikirler we
nadögry bir niýet bolmagy mumkin.

Eger şonuň ýaly zat bar diyip şübhelenseniz derew şol zadyň nämedigini
bilip alyp oňy ret ediň.Hudaý Pergam şäherindaki jemagata geplaninde
“araňyzda Baliom taglymatyny tutýanlar bar”diydi.ýaşan paýgember bolan.Muow patyşäsy Bolok oňy Ysraýyl ogullaryny gargamak
uçin tutulypty. Bu ynsan Mukaddes Kitapda tamakinlik,galp
dindarlyk,napäklik tymsaly edip alynan.
Diymek Pergam şäherindaki jemagata aýdylan gepleri diňlýan ekenik içimizde
tamakinlik,galp dindarlyk,napäklik ýaly näsaglyklar bar-ýokdygyny
barlamagymyz gerek. Hudaý tamakinleri ýaratmaýanyny bilýanyz.Ýone käwagt
özümiz bilman ýagdaýda tamakinlik edýas.Bu nähoşlukdan bizi diňe Hudaý azat
edip bilýar.
Pergam şäherinde jemagat agzalary içinde galp dindarlar,napäk kişiler we
jemagatdan bir zat almak hereketini edýan tamakinler bardy.Bunuň ýaly
kişiler başga jemagatyň päk kişilerini hem ýoldan çykarmagy mumkindi.Belki
şol wagtlarda jemagat ýaşululary,hakykyý imalylar jemagat agzalarynyň
käbirleri şonuň ýaly insanlar ekenini duýandyr, ýone dogry ýola girer diyip
umut edenlirler.Ýone Hudaý şeýle diýdi: «Toba et!” Ýogsa tiz ýanyňa gelip,
agzymyň gylyjy bilen olara garşy urşaryn. “.Bu gepler bize hem
degişli. Günalerimize ykrar bolup toba etmek iň dogry ýol. Toba edip bu
adetlerden,edip ýören günaleden ýüz öwurmek bizi Hudaýyň gazapyndan saklap
galýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top