Kop ýyllar geçip Ýakup Kengana gaýtyp geldi.Ýakupyň 12 ogly bardy.Hudaý Ybraýym maşgalasyny kopeltmek uçin näme edenini ýatlap görüň! Indi bolsa Ybraýymyň beýik agtyklaryndan her biri adamlaryň ullakan nesillerine esas salmaklary gerekdi.Ysraýylyň on ikki tiresi olaryň ady bilen atlandyrylan.Ysraýyl –bu Hudaý olaryň atalary Yshaga berilen atydyr.Hudaý .Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi. Gelip çykyş 32:28).
Ybraýymyň agtygy Ýakup indi Ysraýyl boldy.Hatta bugun hem biz ysraýyl halkyny şol adamyň ady bilen çagyrýs.Hudaý beýik halky döretmägi Ybraýyma wada berenini indi berjaý edýady!” Ýakup öz kakasynyň gelmişek bolup mesgen tutan ýurdy bolan Kenganda ýaşaýardy. Ýakubyň maşgalasynyň kyssasy şeýledir.On ýedi ýaşly Ýusup, öweý ejeleri Bilhadan we Zilpadan bolan doganlary bilen bile süri bakýardy. Ýusup doganlarynyň eden işlerini kakasyna şugullaýardy.
Ysraýyl Ýusuby beýleki ogullaryndan has gowy görerdi, çünki ol Ýakubyň garran wagty doglupdy. Ýakup oňa üýtgeşik don tikipdi. Ýusubyň doganlary öz kakalarynyň Ýusuby özlerinden has ileri tutýandygyny gördüler. Şoňa görä-de, olar Ýusuby ýigrenerdiler we onuň bilen sözleri alyşmazdy.(Gelip çykyş 37:1-4).
Hormatly radio diňleýji Siz hem käwagtlarda gazaplanýnyzmy,kimdir birini ýaman görýanyzmy we ýüreginizde hem pikrlerinizde başga erbet duýgylary duýaňyzmy?Biz hemmamiz Hudaýdan aýrylyp dpguldyk we buny hiç zat özgertip bilmeýar.Biz ,Atamyz Adam Ata ýaly günali,zalym işleri edýas,çunki biz günakär bolup doguldyk.” Bir gün Ýusup düýş gördi. Ol düýşüni doganlaryna gürrüň berende, olar Ýusuby öňkülerindenem beter ýigrendiler.
Ýusup olara şeýle diýdi: «Diňläň, men şeýle düýş gördüm. Biz ekin meýdanynda desse bogýarmyşyk. Birdenkä meniň dessäm ýerinden galyp, dikelip durýarmyşyn; siziň desseleriňiz bolsa onuň daşyna aýlanyp, oňa baş egýärmişler». Doganlary Ýusuba: «Bäh, sen biziň üstümizden hökümdarlyk edäýermikäň, bizi dolandyraýarmykaň?» diýdiler. Şeýdip, olar Ýusuby düýşi hem-de özleri barada aýdan sözleri üçin has-da beter ýigrendiler. Ýusup ýene bir düýş gördi we ol ony-da doganlaryna gürrüň berdi. Ol: «Men ýene bir düýş gördüm. Onda Gün, Aý hem-de on bir sany ýyldyz maňa baş egýärmişler» diýdi. Ýusup muny kakasyna-da, doganlaryna-da gürrüň berdi. Kakasy oňa käýäp: «Bu nähili düýş boldugy? Bäh, men, ejeň, doganlaryň — hemmämiz saňa iki bükülip tagzym etmeli bolaýarmykak?» diýdi. Şeýdip, doganlary Ýusuba göriplik edýärdiler, ýöne bu sözler onuň kakasyny oýa batyrdy.Hudaý Ýusufyň maşgalasy bilen näme boluşyny anyk bilerdi.Ýusuf öz geljegini gorup bilmesdi.Onuň düýşlary nahili amala aşyşyny hem bilmesdi.