Salam. Hudaýa garşy kim durup bilýar?Hudaýyň isleän zadyny kim togtatyp
biler? Hiç kim.Gynansakda Hudaýyň ol ýa-da bul zady isleýanyny anyk
bilmeýas,bilenimizde hereketlerimiz has gaýratly, we ýüreklerimiz hätirjem
bolordy.Çyndan hem käwagt haýatymyzda bolýan wakalaryň geçişi Hudaýyň
eradasy bilen bolýanyny düýmaýs.Eger ol ýa-da bul waka Onuň islegi bilen
bolýanyny bilsek Hudaýa garşylyk etman,wakalar gidişini Ol islän ýaly
dowam ettirerdik.Buny diňe şol ýagdaýlary başymyzdan geçirip bolondon soňra
bilýas.Käwagt bolan waka Hudaýyň eradasy bilen bolonyndan begensek,käwagt
şol wagtda nädogry hereket edenimizden gynanýas.Menim pikrimçe bunuň ýaly
düýgulary başyndan geçiren bir biz bolmasak gerek.Gadymda bir şä bolup
geçen.Onuň ady Sihundy.
Ol hem ýokarynda aýdanymyz ýaly ýagdaýi başyndan geçireni anyk.Ol
kimdi?Onuň Hudaýa nahilli baglanyşygy bardy?Bu soraglara söhbetimiz
dowamynda jogap alýas.Sihon Amor halkynyň hany bolup,bu halk Öli
deňiziniň gündögar taprapynda Pisga dagy ýakynynda ýerleşendi.Hudaý
Ysraýyl halkyny Musrden alyp çykkanynda,ýollarynda öraň kop päsgelçiliklere
duç gelendi.Mukaddes Kitap oloryň ýöreşi hakynda şeýle diydi:” Patyşalyk
hasasy bilen,soltanlyk naýzasy bilen,baştutanlaryň açdy bu guýyny,halk
şazadalary gazdy bu guýyny».Olar çöllükden Matana çenli, Matanadan
Nahalyýele çenli, Nahalyýelden Bamota, Bamotdan bolsa çölüň üstüne abanyp
duran Pisga dagynyň depesi bilen Mowap topragynda ýerleşýän jülgä çenli
gitdiler.”(Çölde 21;18-20).Oloryň gelýanini eşiden Amor hany Sihon
howatyrlanyp galdy.Çunki hemme,bu halknyň näçe köpdigini,gudratly ekeni
hakda eşitendi.
Ysraýyllar amorlaryň hany Sihona ilçiler ýollap, şeýle diýdiler: «Bize
ýurduňyzyň içinden geçip gitmäge rugsat ber. Biz ekinleriň ýa
üzümçilikleriň içine sowulmarys ýa-da guýularyňyzdan suw içmeris. Biz tä
siziň ýurduňyzdan çykýançak, diňe şaýoldan ýöräris».(Çölde 21:22) Şäýoly
şol wagtda möhüm sewda ýolydy. Emma Sihon öz ýurdunyň içinden geçip gitmäge
ysraýyllara rugsat bermedi. Tersine ol bütin goşunyny ýygnap, ysraýyllaryň
garşysyna çöle çykdy we Ýahasa gelip, olar bilen söweşe girdi. Name
sebäpden Sihon Ysraýyl halkyna öz ýurdyndan dynç geçip gitmagine rugsat
bermedi.Bunuň sebabini onuň edenlerinden tapmagymyz mumkin.Ol Ysraýyl
halkynyň köpdiginden howatyra düşen.Ol halk şo bahanada meniň ýurdymy
basyp alýar diyip gorkan bolsa gerek.
Ikkinçiden bolsa Ysraýyl halky Musrden altyn bilen çykkany hakda eşiden.Şu
sebäpli hem özüne howp saşýan halkny ýok edip altynlara hem eýelik ederin
diýen maksatda ol Ysraýyl halkyna hüjum etdi.Eger ikki takmyny hem hakykata
dogry gelmaýar dien takdyrda hem,Sihon han gysganç we nebsewür, ekenini
bilmagimiz mumkin. Asudalyk bilen haýyşt eden halka rugsat bermagi hem
mumkindi.Emma ol beýle etmedi.Onuň bu hatasy oňa hem,halkyna hem gymmata
düşdi.Hudaý Ysraýyl halky bilendigini ýatdan çykardy.Söweşde Ysraýyl halky
Sihonny ýeňdi we Arnon derýasyndan tartyp Ýawok derýaseneçenli bolan hemme
ýerleri eýeleb aldylar.Hudaýyň eradasyna garşy çykmak,geçirip bolmaýan hata
ýol goýmakdyr.Sihon han ine şol sapäkny özleşdirip aldy.