Salam eziz doganlar,siz ezizler bilen ýenede sag aman duşuşanymyz uçin Hudaýa şükürler aýadýas.Ezizler Hudaý bilen wagt geçirmek uçin anyk bir ýer saýlaň.
Sejde edende ünsüňizi sowmakdan ätiýaçly bolmak uçin asuda we pynhana ýer tapyň.Eger ýeke galmagyň alajy bolmasa,unsinizi bir ýere toplamaga öwrenmeginiz gerek.
Eger öz odanyzda asuda wagty geçirip bilmeseniz,belki aşakda aýdylan ýerleriň biri size golaý gelmagi mumkin: ýakynynyzda ýerleşen ybadathana,mekdep kitaphanasynyň bir künçi ýada öýdäki kitaphana.
Ýalňyz ybadat etmeginiz we Ynjyl okamagynyz uçin siz golaý diyip hasaplamagynyz mumkin bolan ýene başgada ýerleri saýlamagynyz mumkin.Biz her bir zady bir maksat ýada sebäp bilen etmagimiz gerek.”Maksatsyz hiç zada ýetişip bolmaýar”.
Ybadatdan maksatymyz bolsa Hudaý bilen ýakynlyk we özümiz bilen tutluşyk bolmagy gerek.Asuda wagtda biz nirede sowsuzlyga düşüşýas we onumizde duran wezipeler nameden ybarat?Hudaýa şolary aýdyp özümizi tapşyrmagymyz gerek.
Bu wagtda biz düýnki söweşdaki göreşlerimizi gaýtadan görup çykmagymyz hemde ertirki gun hüjümlerimizi meýileşdirmegimiz gerek.Bugun siz esasan nahilli ruhyý mätäçligi duýanyz?Duýn nahilli söweşlere duş geldiniz?Asuda wagt öz içine Mukaddes Kitapy okamak,ybadat,sejde we pikirlemegi toplap alýar.
Asuda wagtyň hemme jähtlary biri-biri bilen berk baglanan,ýagny hakykatda barysy bilen bir wagtyň özünde meşgul bolsa bolýar.Meselen:şöhratlandyrýan we öwgileýan Zebur mezmurlaryny okamakdan başlaň.Ony okýan ekeniniz,hakykatdan siz Hudaýy tuýs ýürekden şöhratlandyrmagy dowam edýanyz.
Şondan soň Mukaddes Kitapyň başga aýatlaryny okamaga geçiň,meselen Rimlilere 8 bapy okaň.Okaýanynyzda size açylan her bir hakykat uçin Hudaýa minnetdarlyk aýdyp,ýene okamagy dowam ettdiriň.
Bu zatlary başlanynyzda Hudaýa näçe kop minnetdarlyk bildirýanynyz we Oňy şöhratlandyrmagynyz gerekdigini görüp özüniz hem haýran galýanyz.Ýone okap ybadat edeninizden soň,asudalykda Hudaýyň size görkezýan ýollaryna gulak asyň.
Dilinizde dogulan gutarnykly pikrleri kagiza ýazyp,olar uçin ybadat ediň. Goşmaça maksat hökmünde Mukaddes Ýazgylary ýatlamak ýada Mukaddes Kitapdan we wasp goşyglaryndan okamak mumkin.Şonuň bilen doganlar bugunki mowzugymyz hem öz sönüna ýetdi.Ezizler elbettde biziň internetdaky saýtymyz bilen başga doganlar bilen paýlaşyň.Häzirlikçe höş sag aman boluň.