Salam hormatly radiomyz moştaklary.Siz eziz diňleýjiler bilen ýenede düşuşmaga mumkinçilik berileni uçin Hudaýa şükürler aýdýas.Rebbimiz Isa Mesih öz şagirdlerine aýdypty:Dünýa menden ýigrenýar,şonuň uçin sizleri hem kowarlar.Elbettde Rebbimiz Isa Mesih ýaşan döwürde hem özüne degişli kowmalar bolan.Ine şol kowmalar häzir hem bar.Ýone Atamyz Hudaý hemişe biz tarapda ýe biz bilen.
Hudoga şükür şol kowmalar sebäpli doganlarymyz bir ýerde ötürup galmaýarlar.Mukaddes Kitapda her birimiz ýagşy bilýan bir aýat bar/Atamyz bize gereginden artyk synag bermeýar.Ýakynda men bir kitap okap galdym.Kitapda aýdylyşy boýunça bu waka Hytaýda bolup geçýar.Ol ýerde ýaşaýan doganlara şeýle kyn bolýar,kopleri özleriniň yssy öýlerini taşlap gitmaga mejbur bolýarlar.
Şol arkaly bolsa Hudaý işini amala aşyrýar.Netijede Hytaýda koplap insanlar halas bolýarlar.Kopçiligiň gutylmagy uçin aýrym wagtlarda kimniňdir gurban bolmagyna hem dogry gelýar.Eger Mukaddes kitapyň Petrus hatyny okap görsek sonunaçenli çydan halas bolor diyen gepler gözümize düşýar.Dogry sonunaçenli çydamak änçeme kyn.
Ýone Hudaý öz perzentlerini hiç haçan taşlap göýmaýar.Gerek bolsa azap berýanler bilen Özi çalyşýar.Hormatly radio diňleýji moştaklar,geliň,hemişe ýurdymyz asudalygy we parahatçylygy uçin gerek bolsa halkymyz uçin dinuwsyz ybadatda bolaýlyň.Eger her bir masihyý insan öz halky uçin ybadatda bolmasa tuýs ýürekden hyzmat etmese,onda kim alada edýar.Eger masihiýlyk taryhyna nazar taşlasak,koplap paýgemberler we hudaýlykly insanlaryň dürli hil kynçylyga duş gelenine göz ýetirýas.
Şeýlelikde Hudaýa hyzmat etmek hiç ýerde aňsat däl.Her bir memleketde özüne görä kynçylyklary bar.Ýone biziň ýüregimize bir zat hemişe asudalyk berýar.Ol hem bolsa Hudaý hemişe biz bilen bille.Mukaddes Kitapda şeýle bir aýat bar:Men seni hiç haçan taşlap gitmeýan asla terk etmeýan.Haýatymyzda näme bolmasyn barysyny Atamyz gözegçilik edip dürýar.Eger haýatymyzy doly Onuň ellerine tabşyryp bilsek,diymek biz Onuň hemaýatyndadyrs.
Hormatly radio diňleýjiler,eger haýsydyr ýerde doganlarymyzyň biri kowma duş gelenini eşitsek,olor uçin,olaryň maşgalasy uçin hemişe ýbadatda bolaýlyň.Olaryň gaýgysyna taý bolaýlyň.Çagalary we maşgala agzalaryna teselli beraýliň.Çunki biz hemmemiz Mesihde bir maşgaladyrys.Ol insana görkezen ruhyý ýardamymyz şol insan uçin dag ýaly guýç bagyş edýar.Eziz diňleýjiler,şol ýerde söhbetimizi gutarýas we siz bilen indiki gepleşigimizeçenli hoşlaşýas.Hoş sag aman boluň.Hudaý beren asudalyk hemişe siz bilen bolsun.Omin.