3:53

Haýatynyza nazar taşlaň

MP3

Salam ezizler.Butin insanlar tarapyndan ykrar edilen we okulýan,biziň galbymyza ýazylan hödürnamamyz-ine siz.Açyk görünip duruşy ýaly biziň hyzmatymyz arkaly ýazylan Mesihyň haty sizdirsiniz.Bu syýa bilen däl,belki diri Hudaýyň Ruhy bilen ýazylan hem daş sahypasyna dälde insan ýüregi bolan et sahypasyna ýazylan hatdyr.

Olar nahilli teklipler, bolmagy mumkin?Resul Pawlus,” Eýsem siz ýamanlyk edýänleriň Hudaýyň Şalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Öz-özüňizi aldamaň! Ne azgynlar, ne-de butparazlar, ne zynahorlar, ne-de erkekbazlar, ne beçebazlar, ne-de ogry-jümrüler, ne betnebisler, ne-de arakhorlar, ne paýyş sögünýänler, ne-de kezzaplar — şularyň biri-de Hudaýyň Şalygyny miras almaz. “diyip zylan.(1Kor6:9)Pawlus dowam edip “Siziň-de käbirleriňiz şolar ýalydyňyz. Ýöne siz Rebbimiz IsaMesihiň ady bilen Hudaýymyzyň Ruhy arkaly ýuwuldyňyz, Hudaýyň mukaddes halky bolduňyz, aklandyňyz.”diyip aýdan(1Kor6:11)aýatynda.Olar bilen ajaýýp waka bolan,şonuň uçin Pawlus olara”Haýatynyza nazar taşlaň.Eger size aýdylan hakykat Hudaýdan bolmanyndady,haýatynyz özgerermidi?Haýatynyzyň özi biziň hödürnamamyzdir”diyip aýdýar.

Esasan bu ýerde sönmez umut hakda geplenilýar.Pawlus “Hudaýa şükür!”-diýar.Bu sözler bolsa Pawlysyň nahilli haýat geçiranini görkezýar.Ol bary zat uçin ,ýagşymy ýada ýamanmy hemişe Hudaýa şükür edip gelen.Soň bolsa,sönmez amat duýgysyny gorsek bolýar:” Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Mesihiň dabaraly ýörişine bizi elmydama şärik edýär. “(2Kor 2:14).Hiç hilli amatsyzlyk ýok.Edil Pawlysyň däl,tersine Mesihyň maksatyndäky dabaraly ýörişdir. 14ji aýatdan 16ji aýataçenli unudylmajak täsir hakda geplenen.Pawlys nirede bolmasyn ol hemişe otaglarda höşboý ysy ýaýratýar,ýagny Mesihyň höşboý ysyny diylýar.Ýone bu höşboý ysy ret eden käbirler heläk boluşyny we ony kabul edenler bolsa halas bolmaklary hakda geplenýar.

Şol bapyň 17 aýatynda Pawlys nugsansyz dogruçyldygyny gorsek bolýar.Bu bolsa şu sözlerde nusgadir:” Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.” Soňra,aşakdaky aýatda ret edip bolmaýan hakykat hakda geplenýar:Uçinji bapdaky 1-3 aýatlarynda Pawlus :” Eýsem biz sizi özümiz bilen gaýtadan tanyş etmelimi? Näme, biz käbirleri ýaly size ýa-da sizden bolan tanatma hatlaryna mätäçmi? Ýok! Biziň tanatma hatymyz sizsiňiz! Bu hat biziň ýüreklerimize ýazylandyr. Ol hemmelere mälimdir, ony hemmeler okap-da bilýär. Mesihiň haty sizsiňiz. Bu mese-mälim zat. Bu hatymyz hyzmatymyzyň netijesidir. Biz ony syýa bilen däl-de, diri Hudaýyň Ruhunyň güýji arkaly ýazdyk. Ol ýasy daş böleklerine däl-de, ynsan ýüregine ýazylandyr. “

Ezizler,egerde siziň ybadat mätäçliginiz bbolsa bize habar ýollaň.Biz siz uçin ybadat edýas.Atlarynyz efire koýberilmeýar.Hoş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top