MP3

“Sana äşgär etdim men öz günämi hem-de gizlemedim etmişlerimi.Diýdim: «Reb
ýanynda boýun aljak ýazyklarymy. Sen hem bagyşladyň günämiň ýazygyny.” (Zebur
31:5)

Salam. Bir wagtlar Mukaddes Kitap okanymda ondaky bir aýaty düşinmedim.Onda
şeýle ýazylandy:”Hudaýyň perzendi günä etmegini dowam etmez,sebäbi oňa
Hudaýyň ýaşaýyş berýan güýji ornandyr,indi günä etmez,sebäbi ol Hudaýyň
perzendidir.”(1Ýhanna 3:9) Näme uçin Hudaýdan doglan kişi günä etmýan
eken.Hudaýi bilýan diyip günä edýanler ançeme,-diyip oýlaýadym. Ýkynda
asuda wagt dowamynda ýene şol aýady okadym we düşundim.
Çyndan hem Hudaýi bilen tanan Ol bilen ýakyn argatnaşykda bolan adam güna
etmesligi hakykat. Bunuň ýaly adam öz islegi däl,Hudaýyň eradasyny
oýlaýar.Her bir ýagdaýda Hudaýyň eradasyny gözleýar. Hiç bir işi öz
bilýanynçe etmagi halamaýar.Bunuň ýaly adam bolsa günä edip bilmaýar.Egerde
bilman kimnidir göwnüne degse hem ýüregi agryýar.Gynanýar we baryp şol
adamdan bagyşlaýyşyny soraýar. Mukaddes Kitabda ýaşylany boýunça Hudaýyň
janlandyryjy güýji,sözi,Ruhy we Hudaý beren nepis tebigaty onuň içinde
bolony uçin günä edip bilmaýar.
Bu aýady Hudaý maňa oraň gowy düşundirip berdi.Bundan oraň şatlandym.Emma
şonuň ýaly wagtlar bolýar –Hudaýdan däşlaşýas.

Şeýtan biziň ünsimizi dünýadaky zatlar bilen bölmegi
isleýar.Maşgaladaky meselelerimiz,kemçiliklerimizi garşy göýup Hudaýy
biräz wagta unutmagymyza gazanýar.Şonuň ýaly wagtlarda özümuz bilmän
ýagdaýda günä edip goýas. Indi näme etmagimiz gerek.Biziň eden günamiz tä
ikki jenjelleşen fermeryň guran diwaryna meňzeýar.Geliň şol hekaýany aýdyp
bereýin.Bir zamanlar bir-birine gönüşy ikki fermer boluptyr.Bir guni olar
gaty bir-birini görmäga gözi bolmaýan derejede uruşyp galyptyrlar.Şondan
soň ikki fermer öz ýerleri töwerägine belend diwar guruptyr.Yone oloryň
perzentleri biri-biri bilen düşuşyp ýurýan eken.

Şeýdip biziň günämiz hem tä fermerlaryň galyn diwaryna menzeýar.Bu Huda
bilen ýakyn aragatnaşyk bolmagymyza yol goýmaýar.Günä edenson ýüregimiz
sowaýar.Sowuk ýürek bolsa Hudaýa çekilmaýar.Şonuň ýaly wagtda iň gerek
bolýany “tobadyr”.Günäleri,eden hatalary ykrar bolup toba etmek bu tä şol
galyn diwar üstinden guran köpriä menzeýar. Ol bizi Hudaý bilen ýene
düşüştyrýar.Ýene Hudaý bilen ýakyn we söýgili aragatnaşyk ötürtmaga ýardam
berýar.
Diýmek,Hudaý bilen ýaşaýan kişi birden günä edip goýsa, iň gowy çäre bu
günäleriine ykrar bolup, toba etmekdir.Bu ýagdaýdan iň gowy sapak,soň ýene
şol ýagdaýi gaýtalamaslyk. Ezizler Mukaddes Kitabdan bir aýat ýa-da bölegi
düşunmäga kyýnalsaňyz biziň saýtymyza ýüzleniň. Biz sizee howes bilen
ýardam bermaga hereket edýas.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top